HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Trans-Hazar gaz geçirijisi, wodorod we metanyň zyňyndylaryny azaltmak - Berlin duşuşyklarynyň mowzuklary

Sentýabr 30, 2023 | 01:04 |8704
Anna güni, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Berline iş saparynyň çäginde Germaniýanyň kansleriniň orunbasary, Federal ykdysadyýet we howany goramak ministri Robert Habek bilen duşuşdy.Anna güni, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Berline iş saparynyň çäginde Germaniýanyň kansleriniň orunbasary, Federal ykdysadyýet we howany goramak ministri Robert Habek bilen duşuşdy.
Çeşme: bundeskanzler.de

Anna güni, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Berline iş saparynyň çäginde Germaniýanyň kansleriniň orunbasary, Federal ykdysadyýet we howany goramak ministri Robert Habek bilen duşuşdy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada geçirilen söhbetdeşlikde Türkmenistanyň bar bolan nebit, gaz we himiýa toplumlarynyň döwrebaplaşdyryş we täze desgalary gurmak taslamalaryna gatnaşmak, Hazarda uglewodorod çeşmelerini özleşdirmek we trans-Hazar gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin mümkinçilikler açylýan energetika esasy ugurlaryň biri diýlip atlandyryldy diýip, TDH agentligi ýazýar.

Wodorod energetikasy we metanyň zyňyndylaryny azaltmak pudagyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiligine aýratyn üns berilýär. Bu nukdaýnazardan Türkmenistanyň bilelikde işlemäge taýýardygy tassyklandy we döwlet edaralarynyň we iri kompaniýalaryň gatnaşmagynda energetika hyzmatdaşlygy meýilnamasyny düzmek teklip edildi.

Şeýle hem häzirki wagtda aktual ugurlaryň biri ulag diýlip, hususan-da Merkezi Aziýa-Ýewropa kontinental üstaşyr geçelgeleriň döredilmegi we howa, ýerüsti hem-de deňiz böleklerini öz içine alýan aragatnaşygyň multimodal ulgamynyň ösüşi atlandyryldy.

Ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, Türkmenistanda ulaglaryň bilelikdäki önümçiligini döretmek we orta möhletli hyzmatdaşlygyň Ýol kartasyny işläp taýýarlamak baradaky taslamalar ara alyp maslahatlaşmagyň mowzugy boldy.

Maliýe, bank we maýa goýum pudaklary, aragatnaşyk, oba hojalygy we suw dolandyryşy we sanlylaşdyrma özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Ekologiýa pikir alyşmagyň aýratyn mowzugyna öwrüldi. Bellenilişi ýaly, Germaniýa ýaşyl tehnologiýalar we global howanyň gün tertibini öňe sürmek boýunça dünýä liderlerinden biridir.

Bu mowzuklar şu gün Berlinde geçirilen «Merkezi Aziýa - Germaniýa» sammitiniň, şol sanda Merkezi Aziýa sebitiniň wekiliýetleriniň we Germaniýanyň Gündogar ykdysady komitetiniň ýolbaşçylarynyň duşuşygynda gozgaldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026