HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow nemes kompaniýalaryny Arkadag şäherinde senagat toplumyny döretmäge gatnaşmak üçin çagyrdy

Sentýabr 29, 2023 | 18:22 |7390
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow nemes kompaniýalaryny Arkadag şäherinde senagat toplumyny döretmeklige gatnaşmaga çagyrdy. Döwlet habarlar agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, işewürlik teklibi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň we Germaniýanyň Gündogar ykdysady komitetiniň ýolbaşçylarynyň ýygnagynda eden çykyşynda Berlinde Halk Maslahaty Başlygy tarapyndan aýdyldy.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow nemes kompaniýalaryny Arkadag şäherinde senagat toplumyny döretmeklige gatnaşmaga çagyrdy. Döwlet habarlar agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, işewürlik teklibi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň we Germaniýanyň Gündogar ykdysady komitetiniň ýolbaşçylarynyň ýygnagynda eden çykyşynda Berlinde Halk Maslahaty Başlygy tarapyndan aýdyldy.
Çeşme: bundeskanzler.de

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow nemes kompaniýalaryny Arkadag şäherinde senagat toplumyny döretmeklige gatnaşmaga çagyrdy. Döwlet habarlar agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, işewürlik teklibi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň we Germaniýanyň Gündogar ykdysady komitetiniň ýolbaşçylarynyň ýygnagynda eden çykyşynda Berlinde Halk Maslahaty Başlygy tarapyndan aýdyldy.

“Şu ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanda täze Arkadag şäheriniň açylyşy boldy. Bu günki gün şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna başlandy. Senagat toplumy şäheriň möhüm böleklerinden birine öwrülmelidir "-diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy, bu şäheriň “ýaşyl” mazmunyny göz öňünde tutup, senagat zolagynda lukmançylyk pudagyndan, farmakologiýadan we çaga iýmitinden önümleriň käbir görnüşlerini öndürmäge gönükdirilen birnäçe kärhanany gurmagyň meýilleşdirilendigini aýtdy.

"Şu nukdaýnazardan, gyzyklanýan nemes kompaniýalaryny bu toplumyň döredilmegine gatnaşmaga çagyrýarys" -diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.

Öz çykyşynda german tarapy saglygy goraýyş we lukmançylyk pudagyndaky köp ýyllyk hyzmatdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem türkmen tarapynyň lukmançylyk pudagyndaky nemes kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmäge taýýardygyny aýtdy.

“Türkmenistanda 25 ýylyň dowamynda onlarça lukmançylyk edarasy guruldy, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary we saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryldy we müňlerçe ýokary hünärli hünärmenler taýýarlandy. Bu meselede nemes hyzmatdaşlarymyzyň baý tejribesini ulanýarys "-diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belläp geçdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

22:00 Awgust 07, 2026
Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

21:00 Awgust 07, 2026
Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

19:00 Awgust 07, 2026