HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Geljek ýylda nebitiň barreliniň bahasy 100 dollara çenli ýokarlanyp biler

Oktýabr 01, 2023 | 13:48 |5949
ABŞ-daky iri "Goldman Sachs" banklar toparynyň esasy strategiýaçysy Jeff Karri geljek ýylda "Brent" markaly nebitiň bir barreliniň bahasynyň 100 dollara ýetip biljekdigini çaklaýar.ABŞ-daky iri "Goldman Sachs" banklar toparynyň esasy strategiýaçysy Jeff Karri geljek ýylda "Brent" markaly nebitiň bir barreliniň bahasynyň 100 dollara ýetip biljekdigini çaklaýar.
Çeşme: kapital.kz

ABŞ-daky iri "Goldman Sachs" banklar toparynyň esasy strategiýaçysy Jeff Karri geljek ýylda "Brent" markaly nebitiň bir barreliniň bahasynyň 100 dollara ýetip biljekdigini çaklaýar. Bu nebit bazarynda deňagramlylygyň we talaplaryň üýtgäp durmagy bilen baglydyr diýlip, "CNBC" teleýaýlymynda mälim edilýär.

Nebitiň bahasy soňky wagtda hem 100 dollara golaýlaýar. Jeff Karriniň pikiriçe, nebit önümleriniň bahasy uzak möhletleýin esasda durnukly we yzygiderli ýokarlanar. Şeýle bolanda, çig mal öndüriji bu pudak beýlekilere garanda has çalt öser we girdejileri artar.

Nebitiň bahasynyň ýokarlanyp peselýän aýlanyşygy adatça 30 - 40 ýyl dowam edýär. Onuň dowamlylygy senagatlaşma, şäherleşme, sanlylaşma hadysalaryna we geosyýasy ýagdaýlara bagly bolýar. Soňky 100 ýylda şeýle aýlanyşygyň 4-si bolupdyr. Şolaryň ilkinjisi 1890-njy ýyllarda, ikinjisi 1930-njy ýyllarda, üçünjisi 1960-njy ýyllarda, dördünjisi hem 1990-njy ýyllarda başlanypdyr. Strategiýaçy Karriniň bellemegine görä, täze aýlanyşyk 2020-nji ýyllardan başlandy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

22:00 Awgust 07, 2026
Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

21:00 Awgust 07, 2026
Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

19:00 Awgust 07, 2026