

Türkmenistan german işewürlerini elektroenergetika pudagynda hyzmatdaşlyga çagyrdy
Türkmenistan wodorod energetikasy babatynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine aýratyn üns berýär.


Türkmenistan wodorod energetikasy babatynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine aýratyn üns berýär.


Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Berlinde geçirilen duşuşygynda Gurbanguly Berdimuhamedow energetika ulgamynyň Türkmenistan üçin hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudygyny belledi.


Bellenişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda umumy bahasy ABŞ-nyň 10 milliard dollaryndan gowrak bolan 200-e golaý desganyň gurluşygy alnyp barylýar.


2 – 5-nji oktýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde “ADIPEC 2023” sergisi geçiriler. Onda “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan Türkmenistanyň energetika toplumy tanyşdyrylar.


Maliýe grant mümkinçilikleri hususy kärhanalarda, işewürlik geňeşçilerinde we jemgyýetçilik birleşiklerinde uly gyzyklanmalary döretdi. Çärelere gatnaşyjylar grant maýalarynyň möçberi, ony almagyň şertleri we munuň üçi gerekli resminamalar barada giňişleýin maglumat aldylar.


Hytaý atom energiýasynyň energiýa ulgamyndaky paýyny häzirki wagtda 5% -den 2035-nji ýyla çenli 10% -e we 2060-njy ýyla çenli bolsa, 18% -e ýetirmegi maksat edinýär. Muny Hytaýyň Atom energiýasy Assosiasiýasynyň wekili Wan Binghua metbugat ýygnagynda belledi diýip, "Russiýa - Hytaý: esasy zat" habarlar gullugy habar berýär.


Russiýa Federasiýasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Türkmenistanda “Aurus” kysymly awtoulaglaryň peýda bolup biljekdigini mälim etdi.


Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Aşgabada sapar bilen gelen Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary Kunio Mikuriýa bilen duşuşdy.


«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň çäginde döredilen ministrleriň ykdysady we energetika dialogynyň ilkinji mejlisi çarşenbe güni Tokioda gibrid görnüşde geçirildi. Duşuşykda Türkmenistana «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy, döwlet ministri Maksat Babaýew wekilçilik etdi.


“Türkmenhimiýa” döwlet konserni ýyllyk kuwwaty 100 müň tonna kalsinirlenen sodany we 30 müň tonna kaustik sodany öndürmäge ukypy zawody gurmak boýunça açyk bäsleşik yglan edýär. Bu önümçilik kärhanasy Balkan welaýatynyň çäginde gurlar.


Belarus tarapynyň başlangyjy boýunça geçirilen duşuşykda, ilçi derini gaýtadan işlemäge ýöriteleşen kärhananyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy we işewür gatnaşyklary ýola goýmagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.


Uly göwrümli döwrebaplaşdyryş we gaýtadan enjamlaşdyryş netijesinde ýurduň esasy “deňiz derwezesi” köpugurly ulag merkezine öwrüldi, umumy geçirijilik ukyby ýylda 17 million tonna ýük bolan dürli ýöriteleşdirilen terminallary goşmak bilen, şol sanda 300 müň ýolagçy, 75 müň awtoulag, 400 müň konteýner, 3 million tonna uly ýük we 4 million tonna umumy ýüke ýektdi. Port bir wagtyň özünde 17 gämi ýerleşdirip bilýär.


Prezident Serdar Berdimuhamedow ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny we hyzmat pudagyny ösdürmek, importyň ornuny tutýan önümçiligi goldamak, şeýle hem ýurduň eksporta gönükdirilen senagatynyň ösüşini öňe sürmek strategiýasyny ösdürmegiň tarapdarydygyny aýtdy.


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda şu ýyl ýurdumyzda jemi 37 milliard 400 million manat möçberde maýa goýumlaryny goýmak göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.


Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Uzynada känindäki 11-nji täze gözleg guýusy açylyp, ilkinji önümlerini berdi.