Habarlar

“Türkmenaragatnaşyk” german kompaniýalaryny IT taslamalara gatnaşmaga çagyrdy“Türkmenaragatnaşyk” german kompaniýalaryny IT taslamalara gatnaşmaga çagyrdy

“Türkmenaragatnaşyk” german kompaniýalaryny IT taslamalara gatnaşmaga çagyrdy

Şolaryň hatarynda maglumat merkezini döretmek, optiki süýüm geçirijilerini we serwer enjamlaryny öndürýän bilelikdäki kärhanany gurmak, “akylly” şäherleri dolandyrmak we olaryň IT ulgamyny ösdürmek, “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň simsiz aragatnaşyk ulgamyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak, bu pudagyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we taýýarlamak ýaly taslamalar bar.

Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2023-nji ýylda 69% ýokarlandyTürkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2023-nji ýylda 69% ýokarlandy

Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2023-nji ýylda 69% ýokarlandy

Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýedi aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 69,4% ýokarlandy we 185,5 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Türkmenistanyň daşary söwdasynyň umumy göwrüminde Germaniýa 11-nji ýerde durýar. Şeýle görkezijiler 29-njy sentýabrda Berlinde geçirilen türkmen-german işewür forumynda yglan edildi.