Söwda-senagat edarasynda BAE-niň ilçisi bilen gepleşikler geçirildi
Oktýabr 18, 2023 | 20:43 |6993


Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň ýurdumyzdaky ilçisi Ahmed Al Haý Hameli bilen geçiren duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek meseleleri maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşler Türkmenistanyň we BAE-niň işewür wekilleriniň arasynda özara gatnaşyklary giňeltmek üçin bar bolan mümkinçiliklere we söwda hyzmatdaşlygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly meselelere seretdiler. Hyzmatdaşlygyň we özara söwdany ösdürmegiň heniz ulanylmadyk mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, geljekde iki ýurduň işewür wekiliýetleriniň gatnaşmagynda işewürlik maslahatyny guramak teklip edildi.
ORIENT news








