HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

“LX International” kompaniýasy “OGT 2023” halkara forumynyň bürünç derejeli hyzmatdaşy boldy

Oktýabr 19, 2023 | 17:40 |6644
Energetika pudagynda soňky ýyllarda ählumumy üýtgeşmeler bolup geçýär – dünýä “ýaşyl” energiýa geçmek boýunça ynamly çözgüdi kabul edýär. Daşky gurşaw we metan zyňyndylaryny azaltmak meseleleri Türkmenistanda soňky ýyllarda geçirilýän ähli energetika maslahatlarynyň üns merkezinde saklanylýar.Energetika pudagynda soňky ýyllarda ählumumy üýtgeşmeler bolup geçýär – dünýä “ýaşyl” energiýa geçmek boýunça ynamly çözgüdi kabul edýär. Daşky gurşaw we metan zyňyndylaryny azaltmak meseleleri Türkmenistanda soňky ýyllarda geçirilýän ähli energetika maslahatlarynyň üns merkezinde saklanylýar.
Çeşme: "Türkmen Forum" HJ

Energetika pudagynda soňky ýyllarda ählumumy üýtgeşmeler bolup geçýär – dünýä “ýaşyl” energiýa geçmek boýunça ynamly çözgüdi kabul edýär. Daşky gurşaw we metan zyňyndylaryny azaltmak meseleleri Türkmenistanda soňky ýyllarda geçirilýän ähli energetika maslahatlarynyň üns merkezinde saklanylýar. Şunuň bilen ýaglylykda, 25 – 27-nji oktýabrda Aşgabatda 28-nji gezek geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023” halkara maslahaty we sergisi energetika öwrülişigi bilen bagly täzelikler bilen tanyşmaga, bu ugurda özara pikir alyşmaga, çözgütleri kabul etmäge, nebitgaz taslamalaryny durmuşa geçirmek we strategiýalary işläp düzmek bilen bagly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga amatly giňişlik bolar.

“LX International” (LXI) ýakyn wagtda geçiriljek “OGT 2023” halkara forumynyň bürünç derejeli hyzmatdaşy boldy.

“LXI” kompaniýasy 1953-nji ýylda “Lucky Industry Corporation” ady bilen öz adyny we alyp barýan işini yzygiderli döwrebaplaşdyrdy. “Bando Corporation”, “Lucky Goldstar International Corp.”, “LG International Corp.” atlaryndan “LX International” adyna çenli üýtgän kompaniýa Günorta Koreýada söwdanyň möhüm binýadyny emele getirdi we ýurduň ösüşi bilen belent üstünliklere eýe boldy.

“LXI” kompaniýasynyň düzümine şeýle hem “LX Pantos”, “LX Semicon”, “LX MMA” korporasiýalary hem girýär. Söwda, logistika, gurluşyk serişdelerini ýarym geçirijileri öndürmek, nebit senagaty ýaly köpsanly ugurlarda iş alyp barmak bilen, “LXI” öňdebaryjy kompaniýa hökmünde öz ornuny berkidýär. Tebigy serişdeler, söwda we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar ýaly kompaniýanyň iş alyp barýan esasy ugurlarynda dünýäniň dürli künjegindäki müşderiler bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär.

“LXI” iş alyp barýan işewürlik zynjyrynyň giden ulgamy boýunça hyzmatlaryň toplumyny hödürlemek bilen dünýäniň iri söwda kompaniýasy bolmagy maksat edinýär. Kompaniýa dünýäniň dürli şäherlerinde ýerleşýän 50-den gowrak işewürlik merkezlerinde innowasiýalary ornaşdyrmak we brendiniň abraýyny ýokarlandyrmak ugrunda iş alyp barýar.

“LXI” kompaniýasy iri koreý kompaniýasy hökmünde ulag, gaz, himiýa senagatywe beýleki ugurlarda Türkmenistanda ir wagtdan bäri iş alyp barýar. Geçen ýylyň 29-njy noýabrynda Seul şäherinde geçirilen işewürlik duşuşygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady ulgamda türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy.

“LXI” kompaniýasynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda durmuşa geçirilen iň iri taslamalaryň hatarynda ýurduň günbatarynda polietilen we polipropilen önünçilik toplumyny we ýol howpsuzlygynyň enjamlaryny oturtmak we konsalting hyzmatlaryny görkezmek bolar. Ulag we logistika, ýangyç-energetika, ylym-bilim, lukmançylyk edaralarynyň tehniki üpjünçiligi hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarydyr.

“LXI” kompaniýasynyň “OGT 2023” forumyna gatnaşmagy oňa gatnaşýan beýleki milli we halkara kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm waka bolar. Häzirki wagtda foruma gatnaşmaga dünýäniň 46 ýurdundan 700-den gowrak wekil bellige alyndy.

Halkara çäre barada has giňişleýin maglumaty şu salgydan alyp bilersiňiz: www.ogt-turkmenistan.com.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026