Habarlar

“Türkmengaz” we ADNOC Abu Dabide özara hyzmatdaşlygy ösdürmegi ylalaşdylar“Türkmengaz” we ADNOC Abu Dabide özara hyzmatdaşlygy ösdürmegi ylalaşdylar

“Türkmengaz” we ADNOC Abu Dabide özara hyzmatdaşlygy ösdürmegi ylalaşdylar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparynyň iň möhüm netijesi, türkmen Lideriniň dostlukly ýurtda bolmagynyň ikinji gününde gol çekilen birnäçe resminamalar boldy. Olaryň hatarynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda özara düşünişmek Ähtnamasy bar.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky we “First Abu Dhabi Bank” hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekdilerTürkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky we “First Abu Dhabi Bank” hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekdiler

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky we “First Abu Dhabi Bank” hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekdiler

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky we BAE-niň iň uly banky bolan First Abu Dhabi Bank/FAB hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Bu dabara, 5-nji ýanwarda, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň BAE-ne amala aşyran iş saparynyň çäginde geçirildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistan we Owganystan elektrik energiýasyny ibermek hakynda şertnama baglaşdylarTürkmenistan we Owganystan elektrik energiýasyny ibermek hakynda şertnama baglaşdylar

Türkmenistan we Owganystan elektrik energiýasyny ibermek hakynda şertnama baglaşdylar

"Da Owganystan Breşna Şerkat" (DABS) kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Breşna Şerkat Alhaj mulla Muhammad Hanif Hamzanyň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýetiň Türkmenistana bolan iki günlük iş saparynyň dowamynda ýurduň energetika ministri Annageldi Saparow we “Türkmenenergonyň” ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Saparyň dowamynda 2024-nji ýyl üçin energiýa üpjünçilik şertnamasyna gol çekildi.