HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýda öndürilen ilkinji ýolagçy gämi täjirçilik maksatly ilkinji syýahatyna ugrady

Ýanwar 01, 2024 | 20:19 |18945
“Adora Magic City” diýlip at berlen Hytaýyň uly göwrümli ilkinji ýolagçy gämisi Şanhaýyň portundan ilkinji söwda syýahatyna ýola çykdy.“Adora Magic City” diýlip at berlen Hytaýyň uly göwrümli ilkinji ýolagçy gämisi Şanhaýyň portundan ilkinji söwda syýahatyna ýola çykdy.
Çeşme: chinadaily.com.cn

“Adora Magic City” diýlip at berlen Hytaýyň uly göwrümli ilkinji ýolagçy gämisi Şanhaýyň portundan ilkinji söwda syýahatyna ýola çykdy. Başgaça "Adoranyň Jadyly şäheri" diýlip atlandyrylýan gämi deňiz duralgasyndan Günorta Koreýa we Ýaponiýa syýahata ugrady.

135,500 tonnalyk göwrümi bolan gäminiň uzynlygy 323,6 metr bolup, 5224 ýolagçyny kabul edip bilýän jemi 2112 otagy bar. Gäminiň 16 gaty we jemi 40 müň inedördül metrlik dynç alyş meýdançasy bar. Bu barada "Sinhua" habarlar agentligi mälim edýär.

1.jpeg

Aňrybaş derejede gurlan gämi Hytaýyň ösýän orta gatlagyna we halkara syýahat isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.

Bu mundan ozal esasan ýewropaly gämi gurluşykçylaryň agdyklyk pudagyna Hytaýyň ilkinji aralaşmasydyr. “Adora Magic City” gämisiniň düzümlerini esasan halkara öndürijiler üpjün etdi. Bu babatda Hytaý geljekde öz üpjünçilik zynjyryny döretmegi hem meýilleşdirýär. Hytaýyň ilkinji ýolagçy uçary "C919" geçen aý Hytaýyň ýerleşýän yklymyndan daşary ilkinji uçuşyny hem ýerine ýetiripdi. Bu çylşyrymly taslamalar Hytaýyň daşary ýurt tehnologiýalaryna bolan garaşlylygyny azaltmagyň ýolunda esasy ädimlerdir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026