Habarlar

Türkmenistan biodürlüligi gorap saklamak boýunça milli meýilnamasyny täzeleýärTürkmenistan biodürlüligi gorap saklamak boýunça milli meýilnamasyny täzeleýär

Türkmenistan biodürlüligi gorap saklamak boýunça milli meýilnamasyny täzeleýär

Aşgabatda biodürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýany we Hereketleriň meýilnamalaryny täzelemäge, şeýle hem Biodürlülik hakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýasy boýunça Ýedinji milli hasabaty taýýarlamaga bagyşlanan iki günlük milli seminar geçirilýär. Forum Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hyzmatdaşlygynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) we Ählumumy ekologiýa gaznasynyň (GEG) giň gerimli taslamasynyň çäklerinde guraldy

Türkmenistan bilen WWF 2030-njy ýyla çenli bilelikdäki ekologik strategiýanyň binýadyny goýdyTürkmenistan bilen WWF 2030-njy ýyla çenli bilelikdäki ekologik strategiýanyň binýadyny goýdy

Türkmenistan bilen WWF 2030-njy ýyla çenli bilelikdäki ekologik strategiýanyň binýadyny goýdy

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Bütindünýä tebigaty goramak gaznasynyň (WWF) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekip, 2030-njy ýyla çenli bilelikdäki işleriň esasy ugurlaryny kesgitlediler. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň dowamynda resminama Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri Öwezgeldi Goşjanow we WWF-niň Gündogar, Merkezi Aziýa hem-de Ýuwaş ummany sebitleri boýunça sebit direktory Žan-Pol Paddak tarapyndan gol çekildi

Türkmenistan Bangkok sammitinde ählumumy sowadyjy bazaryny özgertmek başlangyjyna goşuldyTürkmenistan Bangkok sammitinde ählumumy sowadyjy bazaryny özgertmek başlangyjyna goşuldy

Türkmenistan Bangkok sammitinde ählumumy sowadyjy bazaryny özgertmek başlangyjyna goşuldy

Türkmenistanyň wekiliýeti şu hepde Tailandda geçirilen BMG-niň giň gerimli ekologik forumyna gatnaşdy. Bu forumda ýakyn on ýyllyk üçin halkara howa syýasatynyň esasy ugurlary kesgitlenildi. 13–17-nji iýul aralygynda Bangkok şäherinde Monreal teswirnamanyň Taraplarynyň Açyk düzümdäki iş toparynyň 48-nji mejlisi (OEWG-48) hem-de Taraplaryň 6-njy nobatdan daşary mejlisi geçirildi