Aşgabatda we Awazada ýagyş suwuny ýygnamak boýunça synag ulgamlaryny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär


EKOLOGIÝA, 22-nji iýul | ORIENT. Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň (CAREC) Türkmenistandaky taslama edarasy we Merkezi Aziýanyň Ekologik barlaglar instituty (CAIER, Gazagystan) ýagyş suwuny ýygnamak hem-de gaýtadan peýdalanmak ulgamlaryny ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamany taýýarlamaga başladylar. Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň resmi saýtynda habar berlişine görä, ilkinji synag taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin esasy meýdançalar hökmünde Aşgabat şäheri we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy saýlanyp alyndy.

Bu başlangyjyň esasy maksady sebitiň gurak howa şertlerine tebigata esaslanýan inženerçilik çözgütlerini uýgunlaşdyrmakdan ybaratdyr. Ýörite ýerüsti örtüklerden we üçek ulgamlaryndan ýygnalýan ýagyş suwy süzgüçlerden geçirilip, ýörite suw howdanlarynda saklanylandan soň şäherdäki seýilgähleri we ýaşyl zolaklary suwarmak üçin ulanylar. Şeýlelikde, süýji suwuň esasy çeşmelerine düşýän agram azalýar.
Gazagystanyň CAIER instituty bu ugurda 2013-nji ýyldan bäri atmosfera ygallarynyň hilini öwrenmek boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýar. Institutyň toplan ylmy tejribesini Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň (CAREC) tejribesi bilen utgaşdyrmak taslama üçin tehniki-ykdysady esaslandyrmany we howa hasaplamalaryny, şol sanda ýagyş ygallarynyň möçberini hem-de ýer üstüniň relýef aýratynlyklaryny taýýarlamaga mümkinçilik berer.
Ýakyn wagtda taraplar hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekmegi hem-de halkara maliýe serişdelerini, şol sanda Halkara maliýe korporasiýasynyň (IFC) maliýeleşdiriş mümkinçiliklerini çekmek üçin bilelikdäki taslama teklibini taýýarlamagy meýilleşdirýärler. Aşgabatda we Hazar deňziniň kenarynda synag desgalarynyň döredilmegi bu tehnologiýany geljekde Türkmenistanyň ähli sebitlerinde giňden ornaşdyrmak üçin ilkinji tapgyr bolar.







