CAREC we Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ekologik hyzmatdaşlygy giňeltmegi ara alyp maslahatlaşdylar


22-nji sentýabrda Aşgabatda Merkezi Aziýanyň Sebitleýin Ekologiýa Merkeziniň (RЭMAM) Türkmenistandaky taslama edarasynyň direktory Mergen Kepbanow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gysmat Gözalowyň arasynda iş duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, şeýle hem Hazar deňziniň özboluşly ekoulgamyny gorap saklamak babatda ikitaraplaýyn we sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berdiler.
Gepleşikleriň dowamynda «Merkezi Aziýa + Azerbaýjan» geljegi uly görnüşinde ekologik dialogy ösdürmegiň möhümdigi bellenildi. Duşuşyga gatnaşyjylar bilelikdäki işiň esasy ugurlaryna, şol sanda Hazaryň biodürlüligini gorap saklamaga, suw serişdelerini netijeli dolandyrmaga, ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmäge, ýaşyl tehnologiýalary ornaşdyrmaga we ýaşlary howa gün tertibine çekmäge degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň aýratyn ugurlarynyň biri metan zyňyndylaryny azaltmak meselesi boldy. 2026-njy ýylyň 29–30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň paýtagtynda CAREC-nyň taslama edarasynyň goldawy bilen metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça amaly çözgütlere we tehnologiýalara bagyşlanan halkara maslahatyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi bellenildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar Hazar sebitiniň umumy ekologik meselelerini ulgamlaýyn çözmek maksady bilen Aşgabatda we Bakuda bilelikdäki bilermenler duşuşyklaryny, «tegelek stollary» we degişli ugurdaky forumlary yzygiderli geçirmek boýunça taýýarlyklaryny tassykladylar.
ORIENT





