

“Galkynyş” simfoniki orkestri Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynda çykyş etmäge taýýar
Türkmen-awstriýa "Galkynyş" simfoniki orkestri täze Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerinde konsert programmasy bilen çykyş etmäge taýýar. Bu barada Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen gutlag hatynda mälim etdi.


















