Russiýa Federasiýasynyň premýer-ministri Aşgabatdaky türkmen-rus mekdebine roýal sowgat etdi


Aşgabatdaky Puşkin adyndaky türkmen-rus orta mekdebine roýal gowşuryldy. Saz guralyny, Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň Telegram kanalynyň habar bermegine görä, okuwçylara Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň başlygy Mihail Mişustin sowgat etdi.
Russiýanyň premýer-ministriniň adyndan fortepýanony okuwçylara Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin gowşurdy. Ol duşenbe güni, dabaraly ýagdaýda bu saz guralyny mekdebe sowgat etdi.
2023-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Mihail Mişustiniň Türkmenistana iş saparyny amala aşyrandygyny ýatladýarys. Russiýanyň hökümetiniň başlygy mekdebe baran wagtynda dokuzynjy synp okuwçy Anastasiýa Kosnikowanyň "Matematika we saz" taslamasy onuň ünsüniçekdi. Bu mowzuk oňa ýakyn bolup çykdy.
Türkmen-rus mekdebi 2002-nji ýylda Russiýa bilen Türkmenistanyň hökümetleriniň arasynda ylalaşyk esasynda açyldy. Köp ýyllaryň dowamynda bilim edarasy iki ýurduň arasyndaky dostlugyň nyşanlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda bu ýerde 1,5 müňden gowrak okuwçy okaýar.
Ozal Russiýanyň premýer-ministri mekdep kitaphanasyna Puşkiniň doly eserler ýygyndysyny sowgat etdi.
ORIENT news








