HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Sazandalar, suratkeşler, pälwanlar – Eýranyň Aşgabatdaky Medeniýet günleri neneňsi ýatda galar

Fewral 12, 2023 | 22:23 |7011
Aşgabatda Eýranyň Medeniýet günleri baýramçylyk konserti bilen açyldy – paýtagtyň Mukamlar köşgünde goňşy ýurduň sungat ussatlarynyň çäresi aýdym-sazly çykyşlardan başlandy.Aşgabatda Eýranyň Medeniýet günleri baýramçylyk konserti bilen açyldy – paýtagtyň Mukamlar köşgünde goňşy ýurduň sungat ussatlarynyň çäresi aýdym-sazly çykyşlardan başlandy.
Çeşme: Suleiman Charyev

Aşgabatda Eýranyň Medeniýet günleri baýramçylyk konserti bilen açyldy – paýtagtyň Mukamlar köşgünde goňşy ýurduň sungat ussatlarynyň çäresi aýdym-sazly çykyşlardan başlandy.

IMG_20230212_170609.jpg

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Hales tomaşaçylary mübärekläp, bu çäräniň iki ýurduň arasynda medeni gatnaşyklary hem-de döredijilik alyşmalary giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga gönükdirilendigini belläp, hemmeleri 13-nji fewralda Aşgabatdaky şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilejk Eýranyň çeper we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisine çagyrdy.

IMG_20230212_181509.jpg

Mukamlar köşgüniň sahnasynda guralan konsertde aýdym-saz toparlary we aýdymçylar çykyş edip, gadymy aýdymlary we tanslary, şeýle hem häzirki zaman eserlerini hödürlediler. Kirişli halk saz guralynda rok usulynda ajaýyp çykyşy ýerine ýetiren zenan tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Your browser does not support HTML5 video.

Artistlerden başga-da, sportuň milli görnüşleriniň türgenleri hem, şol sanda pälwanlar görkezme çykyşlarynda öz ussatlyklaryny görkezdiler. Olar uly agyrlykdaky daşlary eginleriniň üstünden ýeňillik bilen her tarapa geçirdiler.

IMG_20230212_180242.jpg

Şeýle hem şu hepdede aşgabatlylara we paýtagtyň myhmanlaryna Eýran sungatynyň sergisinden başga-da, türkmen diline terjime edilen eýran filmleri hem-de Eýranyň milli tagamalarynyň festiwaly görkeziler.

IMG_20230212_175146.jpg

Çärelere gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna EYR-niň medeniýet we yslam ugurdaşlygy ministri geldi.

IMG_20230212_190755.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

00:15 Oktýabr 16, 2026
Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

00:13 Oktýabr 16, 2026
Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

23:40 Oktýabr 15, 2026