

Gazagystandaky festiwal türkmen kompozitorynyň janköýerligi bilen açylýar
«Meniň dostlarym – meniň baýlygym» - şenbe güni 4-nji martda Gazagystanyň Karaganda şäherinde geçirilen aýdym-saz festiwaly şeýle çyn ýürekden we manyly ady gazandy.


«Meniň dostlarym – meniň baýlygym» - şenbe güni 4-nji martda Gazagystanyň Karaganda şäherinde geçirilen aýdym-saz festiwaly şeýle çyn ýürekden we manyly ady gazandy.


Italiýanyň dizaýn güni indiki hepde, penşenbe güni 9-njy martda Aşgabatda we dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda geçiriler. Gysgaça aýdylanda, ilkinji gezek 2017-nji ýylda dizaýn pudagynda öňdebaryjy atlaryň gatnaşmagynda italýan taslamalaryny we daşary ýurt dizaýnlaryny tanatmak üçin gurnalan bu çäre Italiýanyň diplomatik we konsullyk guramalarynyň bar ýerinde geçiriler.


Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde zehinli türkmen şahyry Gurbannazar Ezizowyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan edebiýat agşamy geçirildi – diýip, ýokary okuw mekdebiniň metbugat üçin maglumatynda habar berilýär.


Sankt-Peterburgyň iň gadymy festiwaly şu ýyl çärýek asyrlyk ýubileýini belleýär. Bu ýyl rus dramaturgy Aleksandr Ostrowskiniň 200 ýyllygyna bagyşlanan GDA ýurtlarynyň XXV halkara «Russiýada duşuşyklar» atly teatr festiwaly, 7-nji aprelden 16-njy aprel aralygynda Demirgazyk paýtagtda geçiriler - diýip, GDA ýurtlarynyň portaly habar berýär.


Garagalpagystan Respublikasynyň Nukus şäherinde Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre boldy. Bu barada Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasynyň metbugat üçin ýaýradan maglumatynda habar berilýär.


Austria Auction Company «Fine Antique Oriental Rugs XXXII» atly halylaryň ýöriteleşdirilen bäsleşikli söwdasy 2023-nji ýylyň 18-nji martynda geçiriler. Bu bäsleşikli söwdada giň görnüşli ajaýyp gadymy türkmen, kawkaz, anatoliý, pars, ortaaziýa, hytaý, gündogar-türküstan, tibet halylary we beýlekiler hödürlener.


Türkmen-awstriýa "Galkynyş" simfoniki orkestri täze Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerinde konsert programmasy bilen çykyş etmäge taýýar. Bu barada Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen gutlag hatynda mälim etdi.
Sankt-Peterburgda "Burun bilen okamak" atly kitaplaryň “müşki-anbar” sergisi açyldy. Eksponatlar adaty däl, olar 20-nji asyryň edebi eserleriniň kükäp duran hoşboý kitap ysy – diýip, “Sankt-Peterburgskiýe wedomosti” neşiri habar berýär.


Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy Bakuda dünýä edebiýatynyň görnükli klassygy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirdiler – diýip, Atavatan Türkmenistan habar berýär.


Aşgabatdaky Puşkin adyndaky türkmen-rus orta mekdebine roýal gowşuryldy. Saz guralyny, Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň Telegram kanalynyň habar bermegine görä, okuwçylara Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň başlygy Mihail Mişustin sowgat etdi.


Oksford uniwersitetiniň alymlary (Beýik Britaniýa) Orhusdaky (Daniýa) we Buenos-Aýresdäki (Argentina) kärdeşleri bilen seriallaryň we kinonyň adam bedenine edýän täsiri barada ylmy-barlag geçirdiler. Tejribeleriň netijeleri Science Advances žurnalynda çap edildi.


Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde etnografiki bölümiň ekspozisiýasynda köklerini gadymky döwürlerden alyp gaýdýan aw awlamagyň gadymy däplerine bagyşlanan «Awçy» atly täze diorama açyldy – diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.


Türkmen estradasynyň ýyldyzlary Moskwada konsert bilen çykyş etdiler – diýip, Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygynyň saýty habar berýär .


16-njy fewral, penşenbe güni Aktau şäherinde ýerleşýän "Nur-Plaza" myhmanhanasynda sergi ýarmarkasy açyldy, sergide dürli ýurtlardan şaý-sepler, haly, keçe we dokma önümleri bar. Türkmenistandan elde dokalan haly we haly önümleri sergide Gazagystanyň Astana şäherinden «Tumar Carpets» ("Tumar halylary") kompaniýasy tarapyndan hödürlenýär. Bu kompaniýa dünýäniň dürli künjeklerinden Gazagystana haly we haly önümleriniň gaýtalanmajak asyl nusgalaryny getirip, ýokary hilli halylaryň söwdasy bilen meşgullanýar.


Türkmenistanda birnäçe ýyl bäri hereket edip gelýän "Belli Creative" studiýasy tarapyndan täze «Pyragy» şrifti döredildi. Täze taslama nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna we beýik akyldaryň döredijiliginiň sanly giňişlikde ýaýbaňlanmagyna bagyşlanýar.