HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tähranda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

Fewral 15, 2023 | 19:23 |6771
Eýran Yslam Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Medeni çäreleriň geçirilmegi türkmen-eýran doganlyk gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar diýip, Eýranyň medeniýet we yslam ugurdaşlygy ministri Mohammad Mahdi Esmaili aýtdy.Eýran Yslam Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Medeni çäreleriň geçirilmegi türkmen-eýran doganlyk gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar diýip, Eýranyň medeniýet we yslam ugurdaşlygy ministri Mohammad Mahdi Esmaili aýtdy.
Çeşme: orient.tm

Eýran Yslam Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Medeni çäreleriň geçirilmegi türkmen-eýran doganlyk gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar diýip, Eýranyň medeniýet we yslam ugurdaşlygy ministri Mohammad Mahdi Esmaili aýtdy.

Ol EYR-niň Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. 12-14-nji fewral aralygynda paýtagtyň teatrlary we myzeýleri döredijilik meýdançasyna öwrülip, şol ýerlerde eýranly sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda sergiler we konsertler geçirildi. Şäheriň teatrlarynda Eýranyň kinorežissýorlarynyň filmleri görkezildi, şeýle hem festiwalyň myhmanlary Eýranyň aşhanasynyň tagamlaryndan datdylar.

Mohammad Mahdi Esmaili Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar özara Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň türkmen we eýran halklarynyň milli däp-dessurlarynyň köpdürliligini açyp görkezjekdigini hem-de iki döwletiň medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda tejribe alyşmaga ýardam etjekdigini bellediler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026