Özbegistanda beýik şahyr we alym Zahyretdin Muhammet Babyryň 540 ýyllygy bellenip geçiler


Özbegistanda beýik şahyr we alym Zahyretdin Muhammet Babyryň 540-ýyllygyny giňden belläp geçerler. Bu baradaky karar ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan gol çekildi – diýip, «Ýangi Uzebkiston» habar berýär.
Resminama laýyklykda belli özbek döwlet işgäriniň ýubileýini baýram etmek boýunça guramaçylyk komitetini döretmek, çäräniň maksatnamasyny tassyklamak tabşyryldy.
Şeýle hem Zahyretdin Muhammet Babyryň görelde alarlyk durmuşyny we baý mirasyny ýaýratmak maksady bilen, Medeniýet we syýahatçylyk ministrligine Babyr adyndaky Halkara jemgyýetçilik gaznasy bilen birlikde «Babyryň mirasy» atly halkara syýahatçylyk wagyz maksatnamasyny durmuşa geçirmek tabşyryldy, Ýokary bilim, ylym we innowasiýa ministrligine 2023/2024-nji okuw ýylyndan başlap, ýokary okuw mekdepleriniň «taryh»we «geografiýa» ugurlary boýunça bilim alýan talyplar üçin Zahyretdin Muhammet Babyr adyndaky döwlet talyplyk hakyny döretmek tabşyryldy.
Zahyretdin Muhammet Babyryň 540 ýyllygyny baýramçylyk etmegiň çäklerinde bu beýik şahsyýetiöwrenmek boýunça özbek, rus we iňlis dillerinde halkara ylmy elektron platforma we ykjam goşundy dörediler.
Zahyretdin Muhammet Babyr alym-ensiklopediýaçy, döwlet işgäri we zehinli serkerde bolupdyr. Onuň gymmatly ylmy we döredijilik mirasy diňe bir özbek halkynyň milli medeniýetiniň döredilmeginde däl-de, eýsem dünýä edebiýatynyň, ylmynyň we döwletliliginiň döredilmeginde aýratyn orun eýeleýär.
Şahyryň doglan güni – 14-nji fewralda Özbegistanda edebiýatyň, ylmyň we metbugatyň baýramy hökmünde her ýyl bellenilip geçilýär. Babyry öwrenmek babatynda köp ylmy barlaglar geçirilýär, respublikan we halkara ylmy maslahatlary kadaly gurnalýar.
Beýik şahyryň doglan we önüp-ösen ýeri bolan Daşkentde we Andijanda uly ýadygärlikler oturdylandyr.
ORIENT habarlar








