

2023-nji ýylda Gyrgyzystana türkmen elektrik energiýasyny ibermek barada ylalaşyk taýýarlanylýar
Gyrgyzystan 2023-nji ýylda Türkmenistandan we Gazagystandan 2,6 mlrd.Kwt.s elektrik energiýany import eder. Bu barada penşenbe güni, 6-njy oktýabrda Žokorku Keneşiniň (parlament) mejlisinde energetika ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Taaýlaýbek Ibraýew aýtdy diýip, Tazabek habar berýär.




















