HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

II HYF: Türkmenistan – Ýewraziýa geçelgesiniň möhüm halkasy

Oktýabr 06, 2022 | 01:52 |7929
Şu gün Moskwada II Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde “Hazar: Ýewraziýa ulag-logisika merkezi” diýen at bilen tegelek stol geçirildi.Şu gün Moskwada II Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde “Hazar: Ýewraziýa ulag-logisika merkezi” diýen at bilen tegelek stol geçirildi.
Çeşme:

Şu gün Moskwada II Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde “Hazar: Ýewraziýa ulag-logisika merkezi” diýen at bilen tegelek stol geçirildi.

Iş duşuşygyna ýurduň ulag toplumyna wekilçilik edýän türkmen wekilýetiniň agzalary gatnaşdylar, hususan-da, foruma gatnaşyjylaryň öňünde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew çykyş etdi.

Ol Türkmenistanyň çäklerinden geçýän haýsy halkara üstaşyr geçelgeleriniň häzirki wagt işjeň ösdürilýändigi, ýurtda degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmak üçin nähili çäreleriň görülendigi hem-de hazarüsti, ýewraziýa ugurlarynyň möhüm halkasy hökmünde ýurduň gatnawlar babatda sebitdäki hyzmatdaşlara näme teklip edip biljekdigi barada gürrüň berdi.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň ulag, ykdysady ösüş ministrleriniň orunbasarlary, Azerbaýjanyň sanly ösüş we ulag ministriniň orunbasary, Gazagystanyň senagat we infrastruktura taýdan ösüş ministriniň orunbasary we beýlekiler çykyş etdiler.

Duşuşygyň esasy böleginden soň, birnäçe kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda umumy pikir alyşmalar geçirildi, şonda Hazar sebiti ýurtlarynyň, şol sanda Astrahan oblastynyň ulag mümkinçiligine aýratyn üns berildi. Russiýanyň bu sebiti bilen Türkmenistan logistika ulgamynda berk, uzak möhletleýin hem-de uly geljegi üpjün edip biljek gatnaşyklary ýola goýdy. “Lotos” aýratyn ykdysady zolagyň çäklerinde Türkmenistanyň Logistika merkeziniň döredilmegi hem munuň mysalydyr.

Şeýle hem forumyň çäklerinde Türkmenistanyň ulag toplumynyň wekilleriniň Russiýa Federasiýasynyň ulag ministriniň orunbasary Dmitriý Zwerew bilen duşuşygy geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Dizeliň bahasy 2,40 ýewro boldy: Italiýanyň günortasynda işewürleriň ýitgileri artýar

Dizeliň bahasy 2,40 ýewro boldy: Italiýanyň günortasynda işewürleriň ýitgileri artýar

23:15 Oktýabr 27, 2026
Lula da Silva Braziliýanyň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy: tarapdarlary San-Pauluda ýeňşi bellediler

Lula da Silva Braziliýanyň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy: tarapdarlary San-Pauluda ýeňşi bellediler

23:00 Oktýabr 27, 2026