Türkmenistan Monrealdaky ICAO Assambleýasynda


Halkara raýat awiasiýasy guramasynda (ICAO) Türkmenistanyň hemişelik wekili Meret Orazow 27-nji sentýabrdan 7-nji oktýabr aralygynda Kanadanyň Monreal şäherinde awiasiýa boýunça BMG-nyň ýöriteleşdirilen edarasynyň ştab-kwartirasynda geçirilýän ICAO Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy.
Mejlisiň gün tertibinde awiasiýa syýasatynda innowasiýa we durnuklylyk babatynda ileri tutulýan meseleler bar. Aeroportlarda aragatnaşyksyz ýolagçy hyzmatynyň sanly görnüşini goldaýan çözgütler howa gatnawyny ösdürmegiň ýene bir möhüm ugruna öwrüler. Kiberhowpsuzlyk geljekde raýat awiasiýa ulgamynyň durmuşa ukyplylygy we durnuklylygy üçin hem möhüm ähmiýete eýe bolar.
Wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen söhbetdeşlikde ICAO-nyň Baş sekretary Huan Karlos Salasar soňky üç ýylda awiasiýa pudagynyň “düýpli täsir etmeleri” başdan geçirendigini we çärä gatnaşyjylaryň “howa transportyny dikeltmek we onuň durnuklylygyny üpjün etmek, CO2 zyňyndylaryny azaltmak boýunça maksatlar hakyndaky ylalaşyk, şeýle hem ICAO-nyň hyzmatyň hilini ýokarlandyrmagy durmuşa geçirmegi goldamak we özgerdiş maksady syýasaty” ýaly ileri tutulýan ugurlara ünsi jemlemelidigini aýtdy.
Türkmenistanyň hökümeti 2030-njy ýyla çenli raýat awiasiýasyny ösdürmek boýunça Milli maksatnamanyň çäginde ICAO bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirýär. Bu hyzmatdaşlykda ilkinji nobatda, mümkin bolan iň ýokary pudak standartlaryny üpjün etmek we gatnaw howpsuzlygyny ýokarlandyrmak meselesine üns berilýär.
Ulagyň durnuklylygy Türkmenistanyň bu ugurdaky içerki we daşarky strategiýasynyň möhüm düzüm bölegi bolup, BMG-nyň “Ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek barada", "Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriň orny"," Koronawirus keseli (COVID-19) pandemiýasy wagtynda we ondan soň durnukly ösüş maksatly durnukly we ygtybarly halkara gatnawlary üpjün etmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky baglanyşyklary berkitmek" ýaly pezolýusiýalarynda berkidilen ýurduň halkara başlangyçlarynda görkezilendir.
ORIENT news








