

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
Resminama laýyklykda, Daşary işler ministrligine, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy ...


Resminama laýyklykda, Daşary işler ministrligine, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy ...


“Asman” modalar öýi ähli gelin-gyzlary 8-nji mart Halkara zenanlar güni bilen gutlaýar we “Dehistan” kolleksiýasynyň tanyşdyrylyş dabarasyna çagyrýar.


Özbegistan – boks boýunça indiki dünýä çempionatynyň ýer eýesi, halkara sport ülňülerine eýerýär we «sport syýasatdan daş» ýörelgesini goldaýar – diýip, anna güni Respublikanyň boks federasiýasy habar berdi.


Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Merkezi apparatyň, Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatyndaky edara bölümleriniň harby gullukçylaryny we işgärlerini dabaraly gutlady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda ýazýar.


Türkmenistanyň wekiliýeti BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň «Aýallar, parahatçylyk we howpsuzlyk: BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 1325-nji karary kabul edilmeginiň 25 ýyllygyna bagyşlanan» atly açyk çekişmä gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-daky hemişelik wekilhanasynyň resmi saýty habar berýär.


TASS: - “23-nji fewraldan 5-nji mart aralygynda Kemerowo oblastynda geçirilen "Aziýanyň çagalary" atly ikinji gyşky Halkara sport oýunlary taryhda iň gowusy diýlip ykrar edildi” – diýip, Oýunlaryň halkara komitetiniň ýolbaşçysy Wladimir Maksimowyň sözlerine salgylanyp, habar berýär.


Çili Respublikasynyň täze ilçisi Rodrigo Enrike Arkos Kastro Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa ynanç hatyny gowşurdy.


Aşgabatdaky Rus öýi, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Bilim, ylym we medeniýet bölümi tarapyndan gurnalan «Söýgüli aýallar hakda» surat bäsleşiginiň netijelerini jemledi.


Sişenbe güni, 7-nji martda daşky gurşawyň durnuklylygynyň tarapdarlary ajaýyp zenanlardan düzülen wekilleri, ýagny ýaş daşky gurşaw aktiwistleri, talyplar we Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň agzalary BMG-nyň Aşgabat şäherindäki binasyna ýygnandylar.


Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň raýatlarynyň bilim almagy üçin goşmaça kwotalary bölüp bermek meselesine garamak maksady bilen Moskwa haýyş bilen ýüz tutmagy meýilleşdirýär. Bu barada ORIENT bilen eden söhbetdeşliginde Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň birinji sekretary, Rus hyzmatdaşlygyň wekili Ýuliýa Zaýtsewa aýtdy.


Şu gün Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy. Mejlisiň gün tertibine, şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ileri tutulýan meseleler girizildi.


Şu gün paýtagtymyzda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Olaryň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, “Ene mähri” diýen hormatly adyň nyşanlaryny, şeýle hem köp çagaly enelere täze amatly ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary boldy.


Şu gün Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Watanymyzyň gelin-gyzlaryna bagyşlanan konsert boldy.


Şu gün paýtagtymyzda, Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda 9 gatly 108 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy. Bagtyýar maşgalalar hormatly Prezidentimiziň aladalary netijesinde Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynda gurlup ulanmaga taýýar edilen täze ýaşaýyş jaýyna göçüp geldiler.


Owganystanda ýurduň içinde öndürilen nebit üçin ilkinji tender geçirildi – diýip, Talibanlar hökümetiniň Dag-magdan senagaty we nebit ministrligi habar berdi.