
Geometrik gerimliligi döwri tamamlanýar — onuň ornuna wagtlaýyn gerimlilik gelýär. Täze Kirin 2026 çipi şu ýylyň ahyrynda bazara çykar.
CCTV+-yň habar bermegine görä, Hytaýyň tehnologik ägirdi Huawei mikroshemalaryň işlenip taýýarlanylmagy we öndürilmeginiň esasy ýörelgesi bolup gelen geometrik gerimliligi düşünjesinden çykýan täze Tau gerimlilik kanunyny hödürledi.
Bu barada Huawei kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy we ýarymgeçiriji tehnologiýalar bölüminiň prezidenti He Tinbo Şanhaý şäherinde geçirilen IEEE-niň Halkara zynjyrlar we ulgamlar simpoziumynda çykyş etdi.
Tau gerimlilik kanuny tranzistorlaryň ölçeglerini kiçeltmek arkaly mikroshemalaryň öndürijiligini ýokarlandyrýan Mur kanunyna alternatiw ýol hödürleýär. Häzirki wagtda bu çemeleşme enjamlaryň ölçegleri fiziki çäklere ýakynlaşdygyça tehnologik kynçylyklara duçar bolýar.
Täze Tau kanuny geometrik gerimliligi wagtlaýyn gerimlilik bilen çalyşmagy teklip edýär. Bu bolsa signallaryň ulgam boýunça has çalt we has az gijikme bilen geçirilmegine mümkinçilik berýär.
He Tinbo şeýle diýdi: «Wagt boýunça gerimliligiň enjamlara, zynjyrlara, çiplere we ulgamlara uly artykmaçlyklar getirýändigine göz ýetirdik. Kirin 2026 mobil çipi şu ýylyň ahyrynda bazara çykar. Bu logiki ýygrylmanyň ilkinji üstünlikli amala aşyrylyşydyr».
Bu habaryň täsiri bilen Hytaýyň A-synp mikroshema pudagynyň paýnamalary düýpli ýokarlandy. Hytaýyň ylmy-tehnologik innowasiýa biržasyndaky iň iri 50 kompaniýany öz içine alýan STAR Market 50 indeksi täze taryhy iň ýokary derejesine ýetdi, köp sanly paýnamalar bolsa gündelik çäk derejesine çenli ýokarlandy.
Mur kanuny onlarça ýyllap ýarymgeçiriji pudagynyň ösüşine ýolbaşçylyk etdi, emma häzirki wagtda fiziki çäklendirmeler öňe çykdy. Çipler öňki düzgünlere görä has kiçi bolup bilmeýär. Huawei täze çemeleşmäni öňe sürýär: tranzistorlary kiçeltmegiň ýerine signallary tizleşdirmek. Kirin 2026 bu pikirden dörän ilkinji önüm bolar. Bazaryň ilkinji reaksiýasy eýýäm görnüp dur — paýnamalar ýokarlandy. Indi esasy mesele Hytaýyň ösüş depginini saklap biljekdiginde däl, eýsem beýleki ýurtlaryň hem öňki üýtgewsiz hasaplanan kanunlara öz alternatiw ýollaryny hödürläp biljekdigindedir. ABŞ we Ýewropa kremniý tehnologiýalarynyň çäkleri barada pikir alyşýan mahaly, Huawei amaly ädimlere geçýär.
ORIENT