Iň täze habarlar

Sanly ösüşiň wirtual mümkinçilikleri

20.07.2024 | 10:32 |
 Sanly ösüşiň wirtual mümkinçilikleri

Ösüşleriň, özgerişleriň ýoly bilen öňe barýan Türkmenistan diýarymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, bütindünýä adamzat ähmiýetli beýik işleriniň, täze üstünlikleriniň we ajaýyp ertirlere rowaçlandyrýan wakalarynyň şaýady bolýar.

Innowasion tehnologiýanyň we sanly ulgamyň ösýän zamanasynda ýurdumyzda hem sanly ulgamy ösdürmekde oňyn işler alnyp barylýar. Aragatnaşyk pudagynda hem şeýle ösüşler-özgerişler, giň gerimli taslamalardyr, başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Sanly ulgamy ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny amala aşyrmak bilen “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti müşderileri üçin täze E-sim wirtual belgi hyzmatyny hödürleýär.

Wirtual öýjükli telefon belgisi- ykjam telefona fiziki taýdan ýa-da SIM-kart arkaly baglaşmaýan Internet arkaly birikdirilýän innowasion usuldyr. Ony peýdalanmak üçin degişli tehnologiýany goldaýan ýörite çipiň ýa-da modulyň bolmagy zerurdyr. Bu usul Internet arkaly ses maglumatlaryny alyşmaga mümkinçilik berýär.

Wirtual belgi E-sim, SIM-kartlaryň döwrebap nusgasydyr. Belgiler ýörite QR-kod arkaly skanirlemek, Internete birikdirmek we täze belgini smartfonuň gurluş düzüminde işe girizmek arkaly aktiwleşdirilýär. Mundan başga-da wirtual öýjükli telefon belgileri ykjam goraglylyk we birnäçe bähbitli aýratynlyklary özünde jemleýär. Ol ulanyjynyň anonimligini özünde saklap, her bir enjamda çalşyp ulanmaga ýol bermeýär.

Güljan Baýrammyradowa, “Altyn Asyr” ÝGPJ-niň SJB-niň II-klas operatory, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy

Foto: techrepublic.com

Şeýle hem okaň: