Täze ýyl mynasybetli meşhur türkmen ýazyjysyndan döredijilik hasabaty we okyjylara arzuwlary
Täze ýylyň öňüsyrasynda her bir adam geçen ýylyň netijelerine ser salýar, yza nazar aýlap, geçen ýylyň nähili üstünlikli we netijeli bolandygyny ölçeýär. Öz döredijilik “hasabatyny” meşhur ýazyjy, birnäçe baýraklaryň we sylaglaryň eýesi Hemra Şirow hem okyjylara ýetirdi. Ýakymly çaý başynda ol özüniň ýubileý — 75 ýaşlyk ýylynyň nähili geçendigi barada gürrüň berdi