Täze ýylyň öňüsyrasynda her bir adam geçen ýylyň netijelerine ser salýar, yza nazar aýlap, geçen ýylyň nähili üstünlikli we netijeli bolandygyny ölçeýär. Öz döredijilik “hasabatyny” meşhur ýazyjy, birnäçe baýraklaryň we sylaglaryň eýesi Hemra Şirow hem okyjylara ýetirdi. Ýakymly çaý başynda ol özüniň ýubileý — 75 ýaşlyk ýylynyň nähili geçendigi barada gürrüň berdi.
— Siziň üçin 2025-nji ýyl nämeler bilen ýatda galdy?
— Bu ýyl men döredijilik pikirdeşlerim bilen bilelikde köp ýyllap meýilleşdirilen, oýlanyp-döredilen uly taslamany amala aşyrdyk. Meniň eserlerimi öz içine alýan köpjiltli neşiri çap etdirdik. Oňa şygyryýet, proza, makalalar, oçerkler, pýesalar, meniň goşgularymyň esasynda döredilen saz eserleri we başga-da köp materiallar girýär. Ilkibaşda 28 jilt neşir taýýarlamak göz öňünde tutulypdy. Emma döredijilik ýyllarymyň dowamynda toplanan işlerim şeýle köpdügi belli boldy welin, netijede biz “awtomatik ýagdaýda” 35 tom çap etdik. Bu hem soňky çäk däl. Heniz çap edilmedik köp maglumatlarymyz bar, olary 2026-njy ýylda tamamlamagy meýilleşdirýäris.
Kitaplardan başga-da, okyjylar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýän Aşgabat kitaphanalarynyň goldawy bilen paýtagtymyzyň mekdeplerinde döredijilik duşuşyklary guraldy. Esasan-da A.S. Puşkin adyndaky Türkmen-Rus mekdebi, zehinli çagalar mekdebi, şeýle hem 132-nji, 51-nji, 82-nji, 76-njy mekdepleriň okuwçylary we mugallymlary bilen geçirilen duşuşyklar ýadymda aýratyn galdy. Her bir duşuşyk özboluşly boldy, öňünden meýilleşdirilen meýilnamasyz, öz-özünden, erkin ýagdaýda geçdi. Okuwçylar uly gyzyklanma bilen meniň döredijiligim hakynda gürrüňleri diňlediler, dürli soraglary berdiler. Käbir soraglar bolsa aýratyn ýadymda galdy. Mysal üçin, çagalykda haýsy dersden tapawutlanyp okandygym baradaky sorag gaty gyzykly boldy.
Şu ýyl “Ýabany doňuz köprüsi” we “Iki dost bardy” atly iki pýesa teatr sahnasyna kabul edildi, şeýle hem meniň poemalarymyň we çagalar üçin ýazylan goşgularymyň esasynda 3–4 sany multfilm çykaryldy.
28 jiltlik neşir çap edilenden soň, onda ýerleşdirilen köp sanly suratlar sebäpli maňa ýurdumyzyň dürli künjeklerinden fotosuratlar iberilip başlandy. Hatda meniň özüm hem barlygyndan bihabar bolan suratlar ýüze çykdy. Bular kärhanalaryň, edaralaryň arhiwlerinde galan, maşgala albomlarynda saklanan fotosuratlar. Men žurnalist we ýazyjy hökmünde wagtal-wagtal ýurdumyzyň dürli sebitlerine, daşary ýurtlara syýahat etdim, sungat işgärleri, okyjylar bilen duşuşdym, dürli çärelerde çykyş etdim. Şol döwürlerden galan bu suratlar indi tapylyp başlandy. Olar belli kompozitorlar, suratkeşler, ýazyjylar, aktýorlar, režissýorlar bilen bile düşülen seýrek kadrlardyr. Hatda 1972–1974-nji ýyllarda Kamçatkada esger bolup gulluk eden döwrümden galan bir suraty hem aldym. Ol surat barada men eýýäm unudypdyryn.
Umuman alanyňda, 2025-nji ýyl örän netijeli, üstünlikli boldy. Özüme “belgi goýmak” isleýärin.

— 2026-njy ýyl barada näme aýdyp bilersiňiz? Täze eserler, sahna goýluşlary, duşuşyklar bolarmy?
— Häzirki wagtda men synag şygyryýetiniň göçme, mobil sergisini taýýarlap ýörün. Bu žanr bilen uzak wagtdan bäri gyzyklanýaryn we mende köp sanly wizual goşgular toplandy. Şonuň üçin sergi guramak kararyna geldik. Her bir kalligramma (başgaça aýdanyňda, wizual goşgular) uly formatdaky aýratyn sahypalarda tipografiýada çap edilip, soňra şekillendiriş sungatyndaky ýaly çarçuwalara ýerleşdirilýär.
Soňra biz şygyryýet bilen bir hatarda şekillendiriş sungatyny hem söýýänler üçin duşuşyk guramagy meýilleşdirýäris. Sebäbi goşgy grafikasy sungatyň täze, serhetdeş ugrudyr. Sergidäki ähli eksponatlaryň suratlary bir kitaba jemlenip, sergä gelenlere ýadygärlik hökmünde berler. Bu serginiň maksady — edebiýatdaky synag žanrlaryň köpdürlüligini hemmelere tanatmakdyr. Mümkin, sergä gelenleriň arasynda kimdir biri hem bu pikir bilen ruhlanyp, öz döredijiligine başlar.
Mundan başga-da, 2026-njy ýylda kompozitorlar bilen bilelikde dürli görnüşdäki täze teatr-saz eserlerini döretmek meýilleşdirilýär. Elbetde, men iň kiçi okyjylarymy hem ýatdan çykarmaýaryn. Häzirki wagtda interaktiw, oýun görnüşindäki hekaýalardan, goşgylardan, tapmaçalardan ybarat kiçi kitapjyklar çap edilmäge taýýarlanylýar. Çagalar bu kitaplary diňe okap däl, eýsem ene-atalary bilen bilelikde “oýnap” hem bilerler. Bu bolsa çagalaryň ir ýaşdan kitap okaýşa endik etmegine, olary gajetleriň ekranyndan daşlaşdyrmaga kömek eder.
— ORIENT-iň okyjylaryna Täze, 2026-njy ýylda näme arzuw ederdiňiz?
— Döredijilikden gorkmaň, özüňizi beýan etmekden çekinmäň, täzelik gözläň, dörediň, synap görüň… Ýalňyşmakdan, döredijilik “şikeslerini” almakdan ýa-da gülkünç görünmekden gorkmaň. Öz ýoluňyzy, özüňiz hakynda we pikirleriňiz barada gürrüň bermegiň özboluşly ýoluny tapyň!
Aýna Ýolbarsowa
