Aşgabat, 9-njy ýanwar | ORIENT. Her ýyl 10-njy ýanwarda bellenilýän Bütindünýä hindi gününiň öňüsyrasynda, Aşgabatdaky Hindistan ilçihanasy dünýäniň iň gadymy dilleriniň biriniň owazly ritmlerini dabaralandyrýan baýramçylyk çäresini geçirdi.
Bütindünýä hindi güni hökmünde 10-njy ýanwar senesiniň saýlanyp alynmagynyň sebäbi, 1975-nji ýylyň şol gününde Nagpurda ilkinji Bütindünýä hindi maslahatynyň geçirildi. Häzirki wagtda bu dilde gürleýänleriň sany boýunça (600 milliondan gowrak adam) diňe iňlis we hytaý dillerinden yza galyp, dünýäde üçünji orny eýeleýär.
Maksatnamany Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary açdylar. Olaryň edebi kompozisiýasy hakyky täsir galdyryjy pursat boldy: ýaşlar goşgulary şeýle bir yhlas we joşgun bilen okadylar welin, diňleýjiler hindi çylşyrymly nagyşlaryny ýatladýan şol owazly ritmi bütin durky bilen duýdular.

Hindi diliniň özboluşly bir dem alyş aýratynlygy bar. Bu dilde ýeňil demiň çykarylmagy bilen aýdylýan sesler örän köp. Gulaga ol ýumşak ýaňlanma ýa-da ýyly howa akymy ýaly duýulýar. Gepleşik giňişligi “kesmeýär”, gaýtam, ony gurşap alýar we çuňňur, göwrümli we biraz titreýän ses döredýär.
Hindi diliniň dünýäde iň takyk fonetik ýazuwlaryň biri bolan dewanagari elipbiýini ulanmagy diýseň gyzyklydyr. Ol edil ýazylyşy ýaly hem okalýar. Ähtimal, hut şu aýdyňlyk Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 15 ýyldan gowrak wagt bäri (2009-njy ýyldan bäri) hindi dilini öwrenýän türkmen talyplaryna hindi goşgularyny labyzly okamakda şeýle ussatlyga ýetmäge kömek edýändir.
Dewanagari ýazuwyna seredenimizde, harplaryň “asylyp duran” göni kese çyzygyny görýäris. Bu aýratynlyk dilde gepleşikde hem duýulýar. Hindi diliniň fonetikasy — takyklyk we owazlylyk arasyndaky sazlaşykdyr. Çekimli sesler diýen ýaly duýulýar, ýöne olar hemişe ýumşak, dowamly çekimli ses esasynda ýazylýar. Bu hatdatyň eliniň ynamly çyzyk çyzyşyna meňzeýär, ýagny ol çyzyk käte ajaýyp düwüne öwrülýär, käte bolsa ýokaryk çykýar.

Talyplary diňläniňde, çekimli sesleriň ýumşak owazynyň duýdansyzlykda çekimsiz sesleriň aýdyň we gysga urgularyna geçişini tapawutlandyrmak kyn boldy. Bu gury ýere düşýän ýagyş damjalarynyň howlukman edýän tansyny ýa-da tansçy gyzyň topuklaryndaky kümüş jaňjagazlaryň owazyny ýatladýardy — ses käte ýarym pyşyrda öwrülip peselýärdi, käte bolsa şadyýan we dury ses bilen töwerege ýaň salýardy.
Agşama aýratyn şüweleň beren zenan wokaly diňleýjileri bada-bat hindi kinosynyň altyn eýýamynyň atmosferasyna alyp gitdi. Hindi aýdym aýtmak däbi özboluşlydyr: bu ýerde zenan sesleri adatdan daşary belentden, edil hrustal ýaly dury ýaňlanýar we özüne çekiji “ýokary göterilýän” häsiýete eýedir.

Aýdymçynyň sesi edil ýüpek sariniň ýüzündäki çylşyrymly nagyşlar ýaly, howada dürli öwrümleri emele getirýän inçe ýüpek sapagyna meňzeýär. Bu diýseň dury, arassa tembr boýunça edil “çaga sesi” ýaly, dramanyň ähli çuňlugyny berip bilýär. Hut şu dury ýaňlanýan päklik we çäksiz çeýelik täsiri Bolluwud sauntreklerini ilkinji notadan tanyş edýär.
Professional wokal talybyň ýerine ýetirmeginde Radž Kapuryň „Sergezdan“ (Awara) filminden rowata öwrülen hit aýdymy tylybyň ýerine ýerine ýetirmeginde ýaňlananda, zal bu aýdymy biragyzdan el çarpyşmalar bilen goldady. Öçmejek “Awara Hoon” aýdymy hindi kinosynyň halklarymyz üçin umumy medeni gymmatlykdygyny ýene bir gezek subut etdi. Lowurdap duran saridäki gyzyň burum-burum bolup öwrülýän tansy bolsa agşama kinematografik depgini berdi.

Aşgabadyň Ýoga merkeziniň gyzlar toparynyň çykyşy fiziki we ruhy sazlaşyk temasynyň özboluşly beýany boldy. Olaryň görkezme maksatnamasy Türkmenistanda ýoganyň diňe bir meşhur fitnes bolman, eýsem, bedeni dolandyrmak we içki tertip-düzgün arkaly hindi filosofiýasyna çuňňur düşünilýändigini görkezdi.

2026-njy ýyldaky baýramçylygyň şygary — “Hindi dili — baglaşdyryjy duýgy “. Bu pikiri Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu Premýer-ministr Narendra Modiniň gutlagyny okap bermek bilen aýdyňlaşdyrdy:
“Hindi dili – bu diňe bir dil bolman, eýsem Hindistanyň duýgurlygyny, gymmatlyklaryny we filosofiýasyny dünýä ýetirýän güýçli halkadyr. ... Özüniň ýönekeýligi, ýeňilligi we baý edebi mirasy netijesinde, hindi dili şu günki günde maglumat tehnologiýalarynyň hem-de sanly mediýanyň dili hökmünde öz ornyny yzygiderli berkidýär”.

Ilçi öz tarapyndan Türkmenistan barada mähirli sözleri aýdyp, dili öwrenmegiň halkyň “kalbyna” düşünmekde iň ygtybarly ýoldugyny belledi. Diplomat ýurtlaryň arasyndaky ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde dili öwrenmegiň ähmiýetini aýratyn nygtady.
Şol agşam hormat hatlar we sowgatlar bilen sylaglanan işjeň talyplar medeniýetiň “ýumşak güýjüniň” çäginiň ýokdugyny görkezýän janly subutnamasy boldular.
Gyzykly maglumat: Hindi dili bize siziň pikir edişiňizden has ýakyn. Ondan köp endik bolan sözler gelip çykýar: pižama, şampun, bungalo, jeňňel, hatda bandana.
Gatnaşyjylar üçin hödürlenen tagamlar çäräniň jemleýji bölegi boldy. Myhmanlar wegetarian aşhanasynyň lezzetine — ajy we süýji souslaryň, gök önümleriň, miwe goşundylarynyň hem-de milli çörekler bilen utgaşýan nepis garnirleriň täsin sazlaşygyna ýokary baha berdiler.
Bu örän gyzykly çäre boldy: biz eşidiş arkaly — şygyrýete we saz dünýäsine, görüş arkaly — tanslara, tagam arkaly bolsa Hindistanyň köpasyrlyk aşpezlik däplerine aralaşdyk.
…Haçan-da Aşgabadyň talyplar hindi dilindäki setirleri ýat tutanlarynda, olar özleri üçin giň dünýäni açýarlar. Hindistan we Türkmenistan diňe bir ykdysady taslamalar bilen däl, eýsem hindi dilinde ak ýürekden aýdylýan her bir sözde ýaňlanýan hakyky mähirlilik duýgusy bilen hem özara baglanyşyklydyr.
