Ýekşenbe güni agşam A. S. Puşkin adyndaky Rus drama teatryna baran aşgabatlylar ýene bir gezek «Arşyn mal alan» atly şadyýan pýesasyny görüp, uly lezzet aldylar. Bu pýesany “wakalar ýa-da ýagdaýlar komediýasy” diýip häsiýetlendirmek mümkin.
Bu komediýanyň esasy — gahrymanlaryň garaşylmadyk, gülkünç, käwagt geň ýagdaýlara düşmegi we olaryň tomaşaçylarda hemişe mähirli gülkileri döremegine sebäp bolýan hilesiz syrlary.

Emma operetta, edil «Arşyn mal alan» kinosy ýaly hem gahrymanlaryň gülkünç başdan geçirmeleriniň çäklerinden çykýar. Bu eserler, meşhur kompozitor — Uzeir Gajybeýli (Uzeir Gajybekow) tarapyndan döredilip, Ýewropanyň nusgawy we milli däp-dessurlaryny özünde jemleýän üýtgeşik aýdym-saz sazlaşygy bilen birnäçe nesil tomaşaçylaryň kalplaryny eýeledi.
Bu täsin owazly simfoniyanyň Gündogara mahsus bolan iň aňrybaş aýratynlygy azerbaýjan halkynyň wokal sungatynyň deňi-taýy bolmadyk aýdym-saz ýerine ýetiriliş usuly boldy.

…Bu filmi biz çagalykdan bilýäris. Şonda men aýdym-saz kinosynyň adyny “arşynmalalan” diýip, ýaňyltmaç hökmünde kabul edýärdim. Soňra bolsa «Arşyn mal alan» diýmek — “arşyn bilen haryt alýan satyn alyjy” diýmegi aňladýandygyna göz ýetirdim (arşyn — köne uzynlyk ölçegidir, takmynan 70 santimetrden köp).
Gysgaça aýdylanda — «arşyn mal alan» “ownuk satyjy” diýmekdir. Pýesanyň gahrymany — Asker — şeýle atlandyryldy. Hakykatda bolsa, ol ýaşlygyna garamazdan, üstünlikli söwdagar bolupdyr. Ol ýönekeý bir “alyp satyjynyň” keşbini ... Emma bu barada biraz soň. Ilki bilen — ajaýyp pýesa barada gürrüň edeli.

«Arşyn mal alan» — hakykatdan hem arassa we hakyky söýgi barada.
Baş gahryman Asker — döwrüne garaňda öňdebaryjy pikirli adam (pýesa 1913-nji ýylda ýazyldy) — söýüp ýürek emri bilen öýlenmegi isleýärdi. Bu bolsa köplenç öýlenýän ýigidiň gelniniň ýüzüni birinji gezek toýda görüp bilýän musulman Gündogaryň däplerine ters gelýärdi.

Şol däpleri meşhur “Çölüň ak güneşi” kinodaky Petruhanyň sözleri hem ýatladýar. Bu ýaş gyzyl goşun esgeri çyndanam Gülçataýa öýlenmek isleýändigini aýtýardy. Emma onuň söýýän gyzy adamlaryň ýanynda çadrasyz görünmeýärdi. Bu sebäpli Petruha hem hiç haçan onuň ýüzüni görmändi. Şonuň üçin hem ol öýlenmäkä:
“Ýüzüni görüp biläýsedim. Belki bir betnyşandyr, soňam ömrüňe pyşman bol" - diýerdi.
Söýginiň ýaşlaryň bagtyna päsgel berýän köne däp-ediplere däl, eýsem özara razylyga esaslanmalydygy baradaky tema «Gorkma, men seniň bilen!» atly başga bir rowaýata öwrülen filmde hem beýan edilýär.

Ol ýerde aşyk bolan gahrymany iki ýurtda – Azerbaýjanda we Türkmenistanda Halk artisti diýen adyna mynasyp bolan meşhur Polat Bülbül ogly ýerine ýetirdi.
Indi bolsa «Arşyn mal alan» filmine dolanalyň. Diňe söýgi bilen öýlenmegi arzuw eden Asker öz aladalaryny iň gowy dosty Süleýmana açýar. Süleýman bolsa oňa kömek bermek üçin söýgi romanlardaky ýaly hileli bir pikiri teklip edýär: sergezdan mata söwdagär – ýagny «arşyn mal alan» bolup görkezilmegi.
Çünki diňe onuň – gelin-gyzlar üçin gerekli mata böleklerini saýlap bilsinler diýip, olaryň öýlerine erkin girip-çykmak ýaly bir gizlin artykmaçlygy bardy. Süleýmanyň pikiri boýunça, gyzlar özlerine dürli nagyşly matalary, ýaglyklary saýlap dursunlar, sen bolsa şol wagtyň dowamynda özüňe gelin saýlarsyň!

Açylan mümkinçiliklere begenen Asker hakyky söýgi ugrunda baý söwdagär bolmagyndan el çekip, bada-bat ownuk mata söwdagärlige «öwrülýär».
Ine, bagtly pursadyň şol şirin wagty hem gelip ýetdi! Öýleriň birinde Askeriň öňünde oňa hakyky perizat ýaly görünen bir gyz ýüze çykdy! Bu – ýüregi ýumşak, edepli-terbiýeli, mähir saçýan Sultanbegiň gyzy Gülçöhrady. Sultanbek bolsa garyplaşan hem bolsa, şonda-da begdi – gündogarda ýokary derejeli görnükli mertebe eýelerine şeýle at dakylýardy.
Harytlaryň görkezilişi (häzirki döwürde aýdylşy ýaly, prezentasiýasy) wagtynda sergezdan mata söwdagäri Gülçöhradan gözüni aýyrmady. Gülçöhra hem, utanjaňlygyna garamazdan, Askeriň haýran galan nazaryny duýdy. Olaryň arasynda birbada görünmeýän bir baglanyşyk emele geldi. Şeýdip, Söýgi ýyldyrym çaltlygynda iki ýüregi tutdy!
Bu ýagdaý söýgi baradaky gündogar rowaýatlarynyň köpüsinde duş gelýän meşhur pursatlaryň biridir.
• Bu – romantiki ertekä mahsus wakadyr! – diýip, käbirleri aýdýarlar.

Belki-de! Ýöne muny diňe şeýle jadyly duş gelmäniň täsirine düşen adam düşünip hem duýup biler. Gündogarda – şatlykly hem bagtsyz söýgi hakyndaky rowaýatlara baý bolup gelen ülkelerde hatda «söýgi zerarly aklyny ýitiren adam» diýen aýratyn bir söz hem bar.
Asker Gülçöhrany görende dili tutulýar, emma ol diýseň begenýär. Şol pursatdan başlap, ownuk söwdagär däl, eýsem baý söwdagär Asker, Sultanbekden onuň gyzyna öýlenmäge rugsat soraýar.

Hasapçyl ata–Sultanbek muny gizlär ýaly-da däl–begenç bilen razylygyny berýär. Näme üçin bermejek?! Asker onuň gözünde baý, gurply, edepli, tertipli ýigit...
Indi bolsa – Happy end! Bagtly soňy!
Emma ýok! Komediýanyň kadalary boýunça ähli wakalar indi başlanýar...
Sultanbek gyzyna baý söwdagär Asker bilen öýlendiriljekdigini aýdanda, gynanan Gülçöhra muňa düýbünden garşy çykýar. Çünki onuň ýüregi baý Askere däl-de, sada ownuk söwdagär Askere aşyk bolupdy.

Ine geň pursat! Gülçöhra ownuk söwdagär bilen baý söwdagäriň hakykatda bir adamyň özidigi hatda göz öňüne hem getirmändi!
Gülçöhra ýürekden hakyky söýgüni – altyn zyndana meňzeş baýlykdan ýokary saýlap, öz kararynda ahyryna çenli durmakçy bolýar. …Göräýmäge, aýdym-sazly komediýa berbagt tragediýa öwrülip barýan ýaly.
Wakalar gizlin dildüwşükler bilen has hem çylşyrymlaşyp ugrady! Döräp barýan dramatik ýagdaýyň aňyrsynda Askeriň iň ýakyn dosty Süleýman bolsa, tötänleýin Sultanbekiň – Gülçöhranyň kakasynyň ýegenine aşyk bolandygyny aýdýar!

Sultanbek hem ýerliksiz däl ekeni (sakalsakgaly agaryp, ýene-de ýaşlyk höwesi oýanyp), özi hemJahan-hanuma — ýagny geljekki giýewsi bolan ownuk söwdagär hem bir wagtda baý söwdagär bolan Askeriň eje doganyna öýlenmekçi bolýar!
Hawa… Sultanbekiň öýünde hemme wakalar garyşyp gitdi. Bu garyşyklyk Gülçöhra özüniň söýgülisi ownuk söwdagär hem-de ýigreniji baý söwdagäriň – şol bir Askerdigini duýýança dowam etdi. (Göräýmäge, tomaşaçylar hem, dramanyň gahrymanlary ýaly, bu çylşyrymly ýagdaýda bulaşyp galan ýaly).

Ähli zat çözülen ýalydy. Ahyrynda hemmeler biri-birine düşündi! Toya taýýarlyk görmeli. Ýönekeý bir uly baýram däl, eýsem birden üç toýa! Sebäbi eýýäm üç ýigit we üç gelin boldy!
Emma ýene bir hadysa! Mälim bolşy ýaly, Weli (Asjeriň gullugyndaky kömekçi) we Telli (Gülçöhranyň gullugyndaky hyzmatçy) belli bir döwürde söýgi eýeleriniň gizlin aragatnaşygy bolupdyrlar, olaryň yzlaryndan gullukçylaryň özleri hem söýgi işleri bilen meşgullanyp, dialog görnüşinde söýgi aýdymy aýtýardylar:

– Puluň barmy? (Telli aýdyşýar)
– Näme? Näme? (Weli joşgunly jogap berýär)
– Puluň barmy? (Telli şol bir äheň bilen aýdýar)
– Bar, bar! (Weli ynamly ýalan sözleýär)
– Köpmi?
– Ikimize-de ýetýär!
– Puluň bolsa – saňa durmuşa çykýaryn!
– Ah, meniň geçijigim!
Indi bolsa, başa barmadyk tragediýa gyzykly wodewil görnüşine öwrülip başlan ýaly.

Elbetde, Hudaýa şükür! Üç toý tutmak… Ýok! Bir günüň içinde dört toý tutmak – tomaşaçy hökmünde başdan geçiren çylşyrymlylykdan soň mundan gowy zat bolup bilermi?!
Hemmeler bagtly – dört ýigit hem dört gelin. Derejesine garamazdan – hyzmatkärler hem, eýeleri hem, kiçijik ýaly görünýän, emma hakykatdan hem uly bagtyň eýesi boldular.
We diňe olar däl. Şeýle hem Aşgabatdaky Puşkin teatrynq ýekşenbe agşamy baran myhmanlarynyň ýüzünde mähirli ýylgyryşlar, tanyş senariýadan daşda, drama gahrymanlarynyň şatlygy we aladasy bilen duýgyly bolandyklary görünýärdi.

Ine-de, soňy… Emma – ýok!
Hemmelere sag bolsun: oýnanlara we wakalary üns bilen diňlänlere.
Emma aýratyn minnetdarlyk – maestro Uzeir Gajybeýlä. Sebäbi ol şol agşam biz bilen boldy we hemişe biz bilen bolar! Sebäbi eýýäm bir asyrdan gowrak wagt bäri ol biz bilen biledir.
Onuň «Arşyn mal alan» operettasy dünýäniň 80 diline terjime edilip, 76 ýurduň 187 teatrynda sahnalandyryldy.
2013-nji ýylda operettanyň 100 ýyllygy ÝUNESKO-nyň çäginde giňden bellenildi. 1945-nji ýylda gara-ak formatda surata düşürilen kinosy bolsa, Geýdar Aliýewiň Gaznasynyň goldawy bilen, häzirki zaman tehnologiýalarynyň kömegi bilen sanly formata geçirildi we reňklendirildi.
ÝUNESKO «Arşyn mal alan» operettasyny dünýäde iň meşhur aýdym-saz eserleriniň biri hökmünde we musulman gündogarynda ilkinji operetta hökmünde ykrar etdi…
Ine, indi bolsa hakykatdan hem – soňy!

Enejan KEPBANOWA
