Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda Baş dirižýor we çeper ýolbaşçy Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri diňleýjilere rus nusgawy aýdym-sazynyň aýdyň nusgalaryny birleşdirip, giň gerimli eseri — «Simfoniki suratlary» hödürledi.
«Simfoniki suratlar» maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi aýdym-saz keşpleriniň we reňkleriniň dünýäsine edilen hakyky syýahat, bir-birini çalşyýan aýdyň täsirleriň gyzykly çeper filminiň kadrlary ýaly yzygiderliligi boldy.
Nikolaý Rimskiý-Korsakowyň «Soltan patyşa baradaky erteki» operasyndan «Üç gudrat» atly eseriň ilkinji äheňlerinden orkestr diňleýjileriň öňünde erteki perdesini açyp, tutuş sahna gözüň alnynda janlandy. Simfoniki orkestri diňe bir keşpleriň aýdyňlygyny, ussatlygy görkezmän, eýsem kontrastlar bilen işlemek başarnygyny-da görkezdi: belkanyň bölüminde inçelik we ýeňillik, pälwanlaryň ýörüşinde güýçli jemlenme we Guw şa gyzynyň keşbinde ylhamlanan kantilena. Orkestr aşa janly, reňkli we hakyky emosional ýagdaýda seslendi. Diňe oturyp, üznüksiz diňlemek, çaga ýaly şatlyk bilen bu jadyly dünýäden lezzet almak islenilýärdi.
«Şeherezada» sýuitasynyň 3-nji bölümi — «Patyşa ogly we patyşa gyzy» hemmeleri düýpgöter başga bir dünýä — jadyly syrly Gündogara alyp göterdi. Orkestr seslenişiň seýrek nepisligini gazandy. Kirişli gurallar giňden we ruhubelentlik bilen seslendi, howlukman, gaty ýumşak we aýawly bolup, bu bolsa ýagtylykdyr rahatlyk duýgusyny döretdi — aýdym-saz zaly ýeňil we açyk örtük bilen örtýän ýalydy.

Ýusup Öwezowyň ýerine ýetirmeginde Patyşa ogly keşbini janlandyrýan klarnetiň solosy aýratyn täsir galdyrdy — ýumşak, mahmal ýaly, örän adamkärçilikli. Onda mähir we söýgi şol derejede köpdi welin, tomaşaçylar demlerini saklap, doňup galan ýalydy. Şeherezadanyň keşbini janlandyran — solist Selbiniýaz Mülkamanowanyň ýerine ýetirmeginde skripka-solo özüne mahsus gündogar melizmikasy bilen oňa çeýe we erkin jogap berdi, bu ýazylan partiýa däl-de, janly improwizasiýa ýalydy. Ol aýratyn täsir ediji seslendi. Onuň tembri şeýle bir ýyly we ynamly görünýärdi welin, kimdir biri gadymy gündogar hekaýasyny edil şu wagt, şu ýerde gürrüň berýän ýalydy.
Anatoliý Lýadowyň «Baba Ýaga» atly eseri janlylyk, hatda birneme şadyýan ýitilik täsirini berdi. Aýdym-saz çalt ösýärdi we orkestriň nähili höwes bilen çalýandygy duýulýardy. Käbir pursatlarda erteki keşbiniň gahrymanynyň häsiýetiniň beýan edilişine mähirli ýylgyrmak islenilýärdi.
Agşamyň iň ýokary pursady bolsa Moris Raweliň orkestr düzmeginde Modest Musorgskiniň «Sergiden suratlar» atly eseri boldy. Her bölüm özbaşdak sahna hökmünde açyldy we «Gezelençler» aralyk temasy bölümleri bir bitewi çeper esere birleşdirdi. Konsert ýerine ýetirilişi partituranyň diňe bir öwüşginliligini däl, eýsem onuň içki filosofiýasyny — täsirler, ýatlamalar we oýlanmalar arkaly sungat işgäriniň ýoluny hem nygtady.

Aýlawyň içindäki kontrastlar aýratyn göze görnüp duran edilip guruldy. Bu ajaýyp «suratlaryň» hemmesi — «Köne galanyň» oýlanma lirikasy, «Mal agylynyň» agyr ýörişi, «Gnom» bilen «Baba Ýaganyň» grotesk ýitiligi we fantastikasy, «Týuilri» bilen «Çykyp ýetişmedik jüýjeler baletiniň» ýeňilligi we nepisligi, «Katakombalarda» täsir ediji giňişlik täsiri we monumental, apofeoz tamamlanýan «Pälwan derwezeleriniň» ajaýyp güýji ses keşpleriniň aýdyň galereýasyny döretdi.
Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri ajaýyp ussatlygy, stiliň inçe duýgusyny, interpretasiýanyň kämilligini we täsir ediji ansambl medeniýetini görkezdi. Sazandalar Rimskiý-Korsakowyň ajaýyp orkestirlemesini we Lýadowyň aýdyň häsiýetliligini, şeýle hem Raweliň wersiýasynda Musorgskiniň giň gerimli dramaturgiýasyny ynamly ýerine ýetirdiler.

Her bir partitura öz gözelliginde — inçe liriki öwüşginlerden başlap, ajaýyp kulminasiýalara çenli açyldy we diňleýjileriň ýürekden seslenmelerine eýe boldy. Orkestr kompozitorlaryň niýetini diňe bir takyk bermek bilen çäklenmän, eýsem aýdym-sazy janly dem, içki hyjuw we seslenişiň asyllylygy bilen hem doldurmagy başardy.
Konsert möwsümiň aýdym-saz durmuşynda ajaýyp waka bolup, toparyň ýokary ussatlygyny we ýurduň medeni durmuşynda ähmiýetli ornuny tassyklady. Gyzgyn el çarpyşmalar sazandalaryň ussatlygynyň we olaryň simfoniki sungatyň beýik däplerine wepalylygynyň mynasyp ykrarnamasy boldy.
Swetlana KIM
