Hormatly okyjy, konsertiň başlanmagyna az wagt galanda sazandalaryň soňky minutlaryny nähili geçirýändigini we sahnanyň beýleki tarapynda nämeler bolup geçýändigini bilmek isleýärsiňizmi? Sahnanyň aňyrsy hem ýaşaýyşly ýer bolup, ol ýerde-de duýgular örän güýçli bolýar. Eger siz sazandalar çykyşdan öň sessiz-ýuwaşdan skripkalaryny sazlaýarlar diýip pikir edýän bolsaňyz, gynansak-da bu beýle däl: ol ýerde aýratyn bir “Oskar”-a mynasyp dramalar we komediýalar bolup geçýär.
Şular barada hem-de sazandalyk durmuşynyň başga-da köp aýratynlyklary barada «Melodiýa» orkestriniň döredijileri — halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi, wiolonçelist Annaoraz Döwletow we orkestriň administratory, zehinli skripkaçy, mugallym Selbi Ýagşyýewa gürrüň berýärler. Olar bilen duşuşyk ýaş sungat işgärlerini işjeň goldaýan «Sungat çatrygy» atly žurnalistika taslamasynyň çäginde geçirildi. Taslamanyň döredijisi we ýolbaşçysy sungaty öwreniji hem-de kompozitor Aýna Şirowadyr. Bu taslamanyň goldawy bilen sungat muşdaklary zehinli sazandalaryň, suratkeşleriň, kompozitorlaryň we aktýorlaryň täze atlaryny tanadylar.
— Konsertiň başlanmagyna az wagt galanda sahnanyň aňyrsynda nämeler bolup geçýär?
— Tomaşaçylar zalda rahat ýerleşip, gürrüň edip, konsertiň başlanmagyna garaşýan mahaly, kulisalaryň aňyrsynda hakykatdanam psihologik trillerleriň “miks”-i bolýar! Aýratyn-da täze toparyň ilkinji çykyşynda ýa-da täze maksatnamanyň premýerasynda bu has güýçli duýulýar, — diýip, Selbi gürrüň berýär. — Sahnadaky sazanda bilen çykyşdan bäş minut öňki sazanda — iki dürli adamdyr.
— Dogry! — diýip, Annaoraz hem goşýar. — Ilki bilen hemme zat gowy trillerlerde bolşy ýaly birneme asuda görünýär. Orkestriň agzalary we aýdymçylar konsertden öň sahna taýýarlaýyş otagynda ýygnanýarlar. Şol wagtda zalda soňky taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Emma çykyş wagty golaýlaşdygyça psihologik dartgynlylyk hem artýar. Kimdir biri burçda ümsüm oturyp alada edýär, kimdir biri bolsa nerwleri çydaman, başarmazlyk baradaky iň ýaman ýagdaýlary sesli aýdyp başlaýar.
— Wah! Şeýle dartgynlylyk hatda kiçi bir elektrik stansiýasyny hem işledip biler ýaly görünýär!
— Hawa, — diýip, Annaoraz dowam edýär. — Şeýle ýagdaýda hemişe bir degişýän adam tapylýar: “Gelň, çykyşdan öň we soň surata düşeliň, näçe kilogram ýitirendigimizi göreliň!” diýip. Hemmeler gülýär, ýöne nerwler örän dartylan ýagdaýda bolýar.
— Indi göz öňüne getireliň, zal dolup başlaýar... Ondan soň näme bolýar?
— Ondan soň sessiz kino ýaly ýagdaý bolýar, — diýip, Selbi aýdýar. — Çünki indi ses çykarmak bolmaýar. Taýýarlaýyş otagynda sessiz howsala başlanýar. Hemmeler bir zat gözleýär, eşiklerini düzetýär, pyşyrdaşýar, howlukýar... kimdir biri her iki minutdan sahna tarap ylgap, zal näderejede dolandygyny barlaýar. Diňe tejribeli artistler rahat oturyp çaý içýärler.
— Mart aýynda geçirilen konsertiňizde hem şeýle boldumy?
— Elbetde, bu beýan az-kem ulaldylýar, — diýip, Selbi aýdýar. — Ýöne çykyşdan öň artistleriň uly jogapkärçilik duýýandygy we tolgunýandygy hakykat. — Şeýle pursatdan peýdalanyp, diňleýjilerimize ýüzlenmek isleýärin, — diýip, Annaoraz dowam edýär. — Siz diňe ilkinji çykyşlarymyzyň şaýady däl, eýsem biziň üçin ýol görkeziji bolup hyzmat edýärsiňiz. Konsert wagtynda biz siziň goldawyňyzy we ýylylygyňyzy duýýarys.
— Iň kyn saz böleklerinde ýa-da ýokary wokal pursatlarynda men hemişe alada edýärdim, — diýip, Selbi gürrüň berýär. — “Diňe başarsak bolýar” diýen pikir kellämdedi. Bu hakyky adrenalin boldy. Emma siz — diňleýjiler — başgaça jogap berdiňiz. Her bir kyn çykyş gyzgyn el çarpyşmalar, “Brawo!” diýen sesler, güller bilen garşylandy. Biz özümizi dostlukly baýramçylykda ýaly duýduk.
— Konsertiň üstünlikli bolandygyny nädip kesgitleýärsiňiz? “Brawo” diýen sesler bilenmi, owasiýalar wagtyndaky desibel derejesi bilenmi, zalyň dolandygy bilenmi, ýa-da, gürrüň berşiňiz ýaly, çykyş wagtynda ýitiren kilogramlar bilenmi?
— Diňleýjiler köplenç “aýaklary bilen ses berýärler”. Eger konsert gowy bolsa, olar çykyşdan soň hem howlukman galýarlar, — diýip, Annaoraz jogap berýär.
— Döredijilik hyzmatdaşlyklary nähili emele gelýär? Solist aýdymçylar size täze hyzmatdaşlyk pikirler bilen gelýärlermi ýa-da başlangyç sizden gaýdýarmy?
— Bu ýerde umumy çekiş kanuny işleýär, — diýip, ol degişýär. — Käbirleri özleri gelýär, käbirlerini bolsa çagyryp almaly bolýar. Toparymyza paýtagtymyzyň iň gowy aýdymçylary — Bahar Durdyýewa, Döwran Şammyýew, Emir Baýramgeldiýew goşuldy, şeýle hem “Raduga” çagalar hory bilen hyzmatdaşlyk edýäris.
— Fewral we mart aýyndaky konsertleriňizde biletler tiz gutardy…
— Hawa, şeýle boldy. Adamlar jaň eden-de, eýýäm biletler gutarypdy. Hatda afişalary aýyrmaly bolduk. Bu örän ýakymly ýagdaýdy!
— Aprel konserti barada näme aýdyp bilersiňiz?
— 25-nji aprel konsertiniň biletleri hem tiz, on günüň dowamynda satyldy, — diýip, Annaoraz ýylgyrýar. — Şonuň üçin 26-njy aprelde goşmaça konsert geçireris. Maksatnamada 90-njy ýyllaryň hitleri bolar, şeýle hem türkmen nusgawy aýdymlary — Baýram Taganowyň we “Güneş” toparynyň eserleri ýerine ýetiriler. Bu milli sazlaryň we jaz sazynyň ajaýyp utgaşmasydyr.
Biz milli medeniýetimizi örän gowy görýäris we hormatlaýarys. Her maksatnamada türkmen sazynyň iň gowy nusgalaryny ýerine ýetirýäris.
— Geljekde nämeler garaşylýar?
— Täze ideýalar, köp taýýarlyklar we täze çykyşlar, — diýip, Selbi jemleýär. — Konsert maksatnamasyny bilelikde saýlaýarys, kä wagt jedelleşýäris, emma her bir sazandanyň sesi möhümdir. Biz ähli kararlary bilelikde kabul edýäris, bu bolsa toparymyzyň güýjidir.
Indiki duşuşyklar aprel we maý aýlarynda bolar. Taýýarlyk işleri häzirki wagtda güýçli dowam edýär. Biz bu konsertlere täze çemeleşmeler bilen taýýarlyk görýäris.
— Maksatnamamyza şeýle köp täze döredijilik energiýasyny goşduk welin, zalda ýakymly baş aýlanma hem bolup biler, — diýip, Selbi sözüni tamamlaýar. — Geliň, bilelikde sazdan lezzet alalyň!
— Size üstünlik arzuw edýäris!
Anaý Ýolbarsow
