Aşgabatda şäheriň depgininiň haýallaýan, adaty başagaýlygyň bolsa synlamaga ýer berýän künjekleri bar. Aga Berdiýew köçesinde ýerleşýän Suratkeşler birleşiginiň sungat galereýasynda dürli nesilleriň kyrk sany awtoryny — ykrar edilen ussatlardan başlap, dogumly ýaşlaryna çenli birleşdirýän sergi geçirilýär. Bu sergi 1-nji marta çenli dowam eder.
Sergi hut şu jähetden gyzykly – dürli žanrlar, dürli garaýyşlar we dürli döwürler edil jadyly bir «gapda» – galereýanyň kiçijik, ýöne rahat giňişliginde birleşen ýaly. Bu galereýa ýakynda Aşgabadyň medeni künjekleriniň kartasynda täze özüne çekiji nokada öwrüldi.

Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebi bilen goňşy oturan bu galereýa, şäheriň bu böleginde döredijilik gurşawynyň ösmegi üçin esas döredýär. Howa gowy wagty bu ýerlerde molbertli ýaşlary görmek bolýar — olar baglary, saýalary we durmuşyň akymyny çekýärler. Şeýlelikde, paýtagtyň medeniýetini merkezden daşlaşdyryp, bu bölegi kiçijik türkmen «Monmartryna» öwrüp biljek täze sungat ugry emele gelip biler.

Medeni «labyrlar» ýerleşýän ýerleriniň diwersifikasiýalaşmagy, şübhesiz, şäheriň estetik gurşawynyň baýlaşmagyna täsir eder. Şeýle-de, bu çeperçilik dünýäsinde uly döredijilik güýjiniň toplanandygynyň alamatydyr, ol güýç indi öz çäginden çykmaga taýyn we öz tomaşaçysyny gözleýär...

Sergide tanymal suratkeşleriň arasynda — Hojamuhammet Çüriýew, Kamil Weliahmedow, Çary Amangeldiýew, Allamyrat Muhammedow, Juma Amandurdy, Möjek Çaryýew we beýlekiler bar. Eger siz Türkmenistanyň häzirki zaman sungaty dünýäsi bilen iň bolmanda biraz tanyş bolsaňyz, olaryň eserlerini hatda suratdaky “özboluşly” goluna üns bermän hem tanap bilersiňiz. Şeýle-de bolsa, garaşylmadyk ýagdaýlar hem bolup biler — sebäbi suratkeşler synag etmegi gowy görýärler.

Gyzykly bir ýagdaý — köplenç suratkeşler hem, kompozitorlar ýaly, eserlerine şeýle bir sada hem gysga at goýýarlar welin, sungata belet bolmadyk adama awtor at üstünde kän oýlanmadyk ýaly bolup görünýär: “Kompozisiýa”, “Bahar”, “Konsert №…” ýa-da “… üçin”, şeýle pursatlarda bolsa biziň has giň, has çuň manyly düşündirişleri eşidesimiz gelýär.
Hakykatda bolsa, suratkeşler we sazandalar — giň manyda sungat işgärleri — öz oýlanmalaryny, kalp we ýerine ýetirijilik zähmetini siňdirenlerinde, öz dünýäsini tomaşaça mejbury kabul etdirmeýärler, gaýtam oňa gören ýa-da eşiden zadyny özüçe düşündirmäge mümkinçilik berýärler. Döredijilik azatlygy — täze manylary döredýän ulgamdyr, öz ygtyýarlygyň we saýlaw azatlygynyň gözbaşydyr.

Ýöne, käte belli bir keşbiň aňyrsynda näme ýatandygyny bilmek aýratyn gyzykly bolýar. Şu galereýada geçirilen öňki şahsy sergileriň birinde awtor — Hojamuhammet Çüriýew bilen duşuşmak bagty bize miýesser etdi. Mälim bolşy, ol bu galereýanyň galkynyşynyň başyny başlanlaryň biri eken. Elbetde, biz onuň suratlaryndaky çeper metaforalaryň manysy barada soraman saklanyp bilmedik — ol eserlerde daşky bezegden has-da çuňňur pelsepewi many duýulýardy. Suratkeş bilen bolan söhbet bolsa biziň üçin hakykatdan-da täze bir açyş boldy…

…Hawa, öz täsirlerimizde biz tomaşaçylar, kabul edijiler hökmünde köplenç “suwlaryň” we manylaryň ýüzünde ýüzüp gezýäris, emma käwagt bir zat ünsümizi çekýär we öz şahsy ýatlamalarymyz ýa-da oýlanmalarymyz döreýär. Ine, sungat bilen aragatnaşyk, ähtimal, şeýle bolup geçýändir. Haçan-da ol seniň içinde öz sesiň we öz ruhuň bilen seslenende.

Bu ekspozisiýada takmynan 140 sany eseriň awtorlarynyň arasynda – Annageldi Jumanyýazow, Guwanç Hojanyýazow, Rahman Rahmanow, Gülnaz Rozykulowa, Şajan Akmuhammedow we Öwezmuhemmet Akmuhammedow, Lýudmila Nabirkina bar… Bu atlaryň aňyrsynda gymmatly täsirleriň dür däneleri gizlenendir. Çünki suratkeşler, edil merjen awçylary ýaly, öz duýgularynyň we pikirleriniň çuňluklaryna çümüp, biziň üçin durmuşyň şol pursatlaryny çykaryp getirýärler. Biz bolsa käte şol dünýäniň gözelligini, häzirki pursady duýman, onuň ýanyndan geçip giderdik.

Şeýle sergilerde köplenç suratlary satyn alyp hem bolýar, ýagny şol “dür dänesini” özüňiz bilen alyp gidip bilersiňiz. Bu diňe bir aýratyn pursatlarda çykarylýan gymmatlyk däl-de, eýsem dabaraly bezeglerden tapawutlylykda, wagtyň geçmegi bilen öz gymmatyny ýitirmän, siziň gurşawyňyzy hemişe bezejek döredijilik uçguny bolar.
Bu keşpler dünýäsi bilen sizi tanyşdyrjak ýol görkeziji bolup, serginiň gözegçisi, sungaty öwreniji Jeren Gylyjowa bolup biler.
Sergini 1-nji marta çenli Aga Berdiýew köçesiniň 135/1 salgysynda baryp görmäge ýetişiň. Has giňişleýin maglumat üçin telefon belgisi: +993 64 618791.

