Donald Tramp Serdar Berdimuhammedowy Ak tamda geçiriljek C5+1 sammitine çagyrdy
27.10.2025 | 23:49 |Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampdan Waşingtondaky Ak Tamda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň beýleki döwlet Baştutanlary bilen bilelikde duşuşmaga resmi çakylygy aldy. Taryhy C5+1 sammiti indiki hepde, 6-njy noýabrda geçiriler.
Donald Trampyň hatynda bellenilişi ýaly, duşuşygyň maksady – “Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat”.
ABŞ-nyň Prezidenti belleýşi ýaly, duşuşygyň gün tertibinde ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary ara alyp maslahatlaşylar.
Tramp bilelikde işlemek mümkinçiligine ynam bildirip, şeýle diýdi: “Biziň bilelikde ýokary sepgitlere ýetjekdigimize ynanýaryn” hem-de Türkmenistanyň Baştutanyny Ak tamda kabul etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny belledi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
ORIENT