Iň täze habarlar

Türkmen şaý-sepleri Täjigistanda geçirilen serginiň gatnaşyjylarynyň ünsüni özüne çekdi

25.03.2025 | 12:40 |
 Türkmen şaý-sepleri Täjigistanda geçirilen serginiň gatnaşyjylarynyň ünsüni özüne çekdi

24-nji martda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde “Oks hazynasynyň gözbaşynda” atly Halkara zergärçilik forumy we sergisi açyldy. Täjigistanyň hökümeti tarapyndan guralan çäre zergärçilik sungatynyň däpleriniň ýaýbaňlandyrylmagyna, onuň halkara giňişlikde ösdürilmegine we maddy däl medeni mirasy hökmünde goralyp saklanylmagyna gönükdirilendir.

Forumyň işine türkmen wekiliýetiniň adyndan Söwda-senagat edarasy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi gatnaşdy. Forumyň çäklerinde geçirilen sergide milli şaý-sepleriň ajaýyp toplumlary sergilenip, ol türkmen senetçileriň baý däp-dessurlaryny we kämillik derejesine ýetirilen ussatlygyny açyp görkezdi. 1 Forum, takmynan, 50-ä golaý täjik zergärçilik kärhanalaryny, hususy ussalary we dizaýnerleri, şeýle hem 200-den gowrak daşary ýurtly gatnaşyjylary, şol sanda Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň wekillerini ýygnady. 2 “Oks hazynasynyň gözbaşynda” atly Halkara zergärçilik forumy tejribe alyşmak, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de sebitde zergärçilik pudagyny ösdürmek üçin möhüm meýdança boldy.

Türkmen wekiliýetiniň bu çärä gatnaşmagy Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, şeýle hem milli zergärçilik sungatynyň halkara derejsinde ösdürilmegi üçin mümkinçilikleriň giňeldilmegine ýardam berdi.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: