
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 27-nji martda 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 4-8-nji awgust aralygynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriniň III maslahaty barada okuw sapagy geçirildi.
Okuw sapagynyň dowamynda türkmen halkynyň däp bolan myhmansöýüjilik ýörelgelerine esaslanyp Watanymyzyň ajaýyp tebigy şertlerini özünde jemleýän Hazar deňziniň merjeni Awaza milli sýahatçylyk zolagynyň diňe bir ekologiki syýahatçylgy ösdürmek babatda ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolmak bilen çäklenmän eýsem, halkara işewürlik forumlarynyň, maslahatlarynyň, duşuşyklaryň, halkara bäsleşiklerdir, festiwallaryň sport we medeni çäreleriň geçirilýän mekanyna öwrülendigi nygtaldy.
Şol sanda bu geçiriljek maslahatyň halkara gatnaşyklaryny giňeltmek dogrusynda ähmiýeti barada hem gürrüň edildi.
Sapagyň ahyrynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna kanagatlanarly jogap aldylar.
ORIENT