Mekdep okuwçylaryň arasynda geçirilen Ekologiýa ders bäsleşiginiň ýeňijleri kesgitlendi
28.03.2025 | 16:20 |26-njy martda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen Ekologiýa dersinden bäsleşigiň 2-nji — jemleýji tapgyry üstünliklere beslendi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden jemi 32 okuwçy gatnaşdy. Oňa gatnaşyjylar öz ylmy taslamalary bilen çykyş etdiler. Olar Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň açlygy ýok etmek, arassa suw we arassaçylyk, elýeterli we arassa energiýa, howanyň üýtgemegine garşy göreş, deňziň ekologik ulgamyny gorap saklamak, gury ýer ekologik ulgamyny gorap saklamak ýaly ugurlaryna degişli ylmy taslamalardyr
Eminler bäsleşige gatnaşyjylaryň ylmy taslamalaryna, çykyşlaryna ýokary baha berdiler. Netijede, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlardan ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiň okuwçysy Merjen Annamämmedowa bilen Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki takyk we tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň okuwçysy Maral Berdimyradowa 1-nji orna mynasyp boldular.
2-nji orny Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň okuwçysy Ogulbagt Bäşimowa, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 50-nji orta mekdebiň okuwçysy Farida Jumaýewa, Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 48-nji orta mekdebiň okuwçysy Göwher Bäşimowa dagy eýeledi.
Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň okuwçysy Aýsona Jumadurdyýewa, Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň okuwçysy Döwletmyrat Nurmyradow, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlardan ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiň okuwçysy Humaý Çaryýarkulyýewa, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Ejeş Agajykowa, Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň okuwçysy Arslan Nurýagdyýew 3-nji orny eýelediler.
Bäsleşigiň ýeňijileri I, II we III derejeli Diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.
ORIENT