Türkmenistanyň Bitaraplygy – ählumumy parahatçylyga we ynanyşmaga goşant: Aşgabatda geçirilen maslahat
24.03.2025 | 22:30 |BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly kararnamanyň kabul edilmegine bagyşlanyp 24-nji martda, Aşgabatda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralanmagy” atly maslahat geçirildi. “Mekan köşgünde” geçirilen bu çäre, halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde bitaraplygyň ornuny ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança boldy.
Maslahata Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, alymlar, talyplar we KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.
Gatnaşanlar tarapyndan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň tassyklamasy bolan BMG-niň kararnamasynyň ähmiýetiniň ara alyp maslahatlaşylmagy dabaranyň esasy pursady boldy. Ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň diňe bir milli bähbitlere hyzmat etmän, eýsem sebit we ählumumy howpsuzlygy hem-de durnuklylygy saklamak üçin möhüm guraldygy nygtaldy.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl BMG tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegine aýratyn üns berildi. Munuň özi ýurduň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.
Maslahatyň çägimnde özara ynanyşmak, dialog we jogapkärçilik esasynda dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmek baradaky ýurduň garaýyşlarynyň beýany bolan, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynada üns berildi.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny özüniň netijeliligini we BMG-niň maksatlaryna we gymmatlyklaryna laýyk gelýändigini subut edip, parahatçylygyň we howpsuzlygyň umumy tagallarynyna möhüm goşant goşýandygyny tassykladylar.
ORIENT