Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “BND 60/90” kysymly ýol bitumy, suwuklandyrylan gaz we nah ýüplügi ýerlenildi

25.03.2025 | 08:35 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “BND 60/90” kysymly ýol bitumy, suwuklandyrylan gaz we nah ýüplügi ýerlenildi

24-nji martda, duşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa we ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi.

Owganystanyň we Türkiýe Respublikasynyň telekeçileri “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen “BND 60/90” kysymly ýol bitumy we suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügini satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 3 861 000 manada we 1 335 000 ABŞ dollaryna barabar bolan 3 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: