Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gresiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

25.03.2025 | 09:10 |
 Türkmenistanyň Prezidenti Gresiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti Konstantinos Tasulasa Gresiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Konstantinos Tasulasa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Gresiýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Foto: turkmenmetbugat.gov.tm

Şeýle hem okaň: