2025-nji ýylyň 20-nji martynda Moskwadaky “Remezan çadyrynda” Türkmenistanyň agşamy geçirildi
24.03.2025 | 09:45 |2025-nji ýylyň 20-nji martynda Moskwadaky “Remezan çadyrynda” Türkmenistanyň agşamy geçirilip, ol Beýik Watançylyk urşundaky Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan medeni maksatnamanyň bir bölegi boldy.
Çäre türkmen jemgyýetçiligiiniň wekillerini, Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplary, şeýle hem Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasynyň işgärlerini ýygnady.
Agşamyň resmi bölegini Türkmenistanyň ilçihanasynyň geňeşçisi açyp berdi.
Medeni maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň baý medeniýeti barada beýan edýän döredijilik çykyşlary, sahna oýunlary we özboluşly wideo ýazgylary görkezildi.
“Remezanyň çadyry” atly çäre Remezan aýynyň dowamynda geçirilip, ol haýyr-sahawat agzaçarlary öz içine alýar. Munuň özi bu çäräni Moskwanyň musulman jemgyýetçiliginiň durmuşynyň möhüm bölegine öwürýär.
ORIENT