Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nebit himiýa we ýeňil senagat pudagynyň önümleri satyn alyndy

11.10.2024 | 08:08 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nebit himiýa we ýeňil senagat pudagynyň önümleri satyn alyndy

10-njy oktýabr, penşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarynyň netijesinde nebit himiýa we ýeňil senagat pudagynyň önümleri satyldy.

Owganystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri suwdan arassalanan dizel ýangyjyny satyn almak üçin “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

Türkiýeniň işewür toparlarynyň wekilleri türkmen kompaniýalaryndan agardylan pagta süýümlerini satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň dowamynda umumy bahasy 6 243 420 amerikan dollara barabar bolan 5 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: