Volvo kompaniýasy elektromobillere zarýad bermegiň wagtyny 30% azaldar
15.03.2024 | 08:26 |Ýeňil elektromobilleriň önümçiliginde ýöriteleşen Volvo Cars şwed kompaniýasy bu ulag serişdelerine zarýad bermegiň wagtyny 15-30% azaldar.
2018-nji ýyldan bäri bu kompaniýa öz awtoulaglarynyň aýratynlyklaryny kämilleşdirip biljek öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan startaplara maýa serişdelerini goýýar.
Şeýle startaplaryň biri programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýan britan kompaniýasy boldy.
Londonyň Imperiýa kolledžinde esaslandyrylan bu gurama öz işinde zarýad bermegi gowlandyrmak üçin innowasion algoritmleri ulanýar. Onuň teklip eden
Breathe Battery Technologies tehnologiýasy hakyky wagt tertibinde energiýa akymyna gözegçilik etmäge ukyplydyr. Öz gezeginde, awtoulag serişdeleriniň eýeleri zarýad bermäge sarp edýän wagtlaryny tygşytlarlar.
Batareýa ornaşdyrylan datçikler bilen maglumat alşygynyň ulanylmagy bu tehnologiýanyň aýratynlygydyr. Munuň özi, ornaşdyrylan prosessorlara we programma algoritmlerine her aýratyn batareýa üçin zarýad bermegiň has oňaýly tertibini teklip etmäge mümkinçilik berer.
ORIENT news