Iň täze habarlar

Hindistan “IndiaAI” başlangyjyny işläp taýýarlaýar

11.03.2024 | 11:07 |
 Hindistan “IndiaAI” başlangyjyny işläp taýýarlaýar

Hindistanyň Ministrler Kabineti “IndiaAI” döwlet başlangyjyny tassyklady. Onuň maksady emeli intellekti ýurduň bähbitleri ugrunda işletmäge itermekden ybaratdyr.

Taslama strategik maksatnamalary durmuşa geçirmek we döwlet we hususy düzümleriň ýakyn hyzmatdaşlygy arkaly emeli intellekt ulgamynda innowasiýalary çaltlandyrmak üçin toplumlaýyn ekoulgamy emele getirmegi göz öňünde tutýar. Onuň durmuşa geçirilmegine 1,24 milliard dollar bölünip berler.

Şeýlelikde, Hindistan 10 müň GPU-dan az bolmadyk grafik prosessorly superkompýuteri döretmegi meýilleşdirýär. Bu 10 müň ýa-da ondan hem köp grafiki prossesory bolan birnäçe superkompýuterden ýa-da dürli ulgamlaryň uly möçberinden ybarat bolup biler.

Bu başlangyjyň çäklerinde “IndiaAI” innowasiýalar merkezi dörediler, şeýle hem “IndiaAI-yň” goşundylaryny işläp taýýarlamak boýunça maksatnama işe giriziler. Döwlet bu ugurdaky startaplary maliýeleşdirer we emeli intellekt ugry boýunça bilim ulgamynyň işini işjeňleşdirer.

ORIENT news

Foto: 9111.ru

Şeýle hem okaň: