Ýaponiýada «uçýan awtoulaglaryň» önümçiligi ýola goýuldy
09.03.2024 | 17:03 |Ýaponiýanyň maşyngurluşyk kompaniýasy «Suzuki» «uçýan awtoulaglaryň» önümçiligini ýola goýdy. Taslama «SkyDrive» kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär.
Önümçilik Ýaponiýanyň Sidzuoka prefekturasynyň Iwata şäherinde ýola goýuldy.
«SkyDrive SD-05» – bu iki ýolagçy we uçarman üçin niýetlenilen, dikligine uçmaga we gonmaga ukyply (eVTOL) ykjam elektrik uçarydyr. Onuň iň ýokary uçuş tizligi sagatda 100 km, bir zarýadda geçýän aralygy, takmynan, 10 km.
«SkyDrive SD-05» ulagyny geljek ýyl Osakada geçiriljek «Expo 2025» sergisinde aerotaksi hökmünde ulanmak meýilleşdirilýär. Geljekde hususy müşderiler hem şuňa meňzeş «uçýan awtoulaglary» satyn alyp bilerler.
«Suzuki» bilen «SkyDrive» kompaniýalarynyň arasynda «SkyDrive SD-05» ulaglaryny öndürmek baradaky şertnama geçen ýylyň oktýabr aýynda gol çekilipdi. Ýylda şeýle uçýan enjamlaryň ýüze golaýyny öndürmek meýilleşdirilýär.
ORIENT news