Amerikan dynç alyşy: türkmen talybynyň üstünliginiň çeşmesi
28.08.2023 | 18:28 |Tomus hemmede dynç alyş bilen baglanyşdyrylýar we herkim dynç alyş möwsümini nähili geçirjekdigini özi saýlaýar. Talyp – Güljeren Mämmedowa hem öz kararyny berdi. Ol ABŞ-nyň «Lider gyzlar üçin SUSI» gysga möhletli okuw maksatnamasynyň ýeňijisi bolup, tomusky dynç alyşynyň bir bölegini Sietl şäherinde öndümli okamaga bagyşlady.
SUSI-iň öndümli okuw meýilnamasy gatnaşyjylarda ýolbaşçylygy we dolandyryş ukyplaryny ösdürmek üçin döredildi. Şeýle hem, bu okuw, sosial-medeni kadalary öwrenmäge we ekologiki hem-de daşky gurşaw mowzuklary arkaly işewürlik ukyplaryny açmaga bagyşlanýar.
Bu bilim taslamasy barada bildiriş gyşda ORIENT sabtynda çap edildi. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ikinji ýyl talyby Güljeren – biziň hemişelik okyjylarymyzdan bir bolup, bäsleşigiň şertleri bilen tanyşdy we güýjini synap görmek üçin «synag»-a gatnaşmak kararyna geldi. Bagt oňa gülüp bakdy we ol saýlawyň netijelerinden soň dört finalçynyň biri bolup iýun aýynyň ahyrynda beýleki gatnaşyjylar bilen Sietl şäheriniň golaýyndaky Oberne şäherçesine okuwa gitdi. Bu ýere, Green River kollejine Türkmenistandan we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndan - Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan gyzlar ýygnandylar.
Elbetde, bu hekaýada bagt öz ornuny alsa-da, bu ýerde gyzjagazyň ussatlygy hem uludyr. Ol çagalykdan elmydama ýeňijileriň hatarynda bolupdy we, belki-de, özi duýman, liderlik häsiýetlerini berkitdi. Ol dürli dersler boýunça mekdep olimpiadalarynda baýraklar gazandy, şol bir wagtyň özünde 2-nji Aşgabadyň saz mekdebiniň «fortepiano» we «hor topary» synplarynda okap, hemişe konsertlerde çykyş etdi. Elbetde, daşary ýurt dillerini hem öwrendi. Ýeri gelende aýtsak, türkmen we rus dillerinden başga-da, ol iňlis, türk we pars dillerini bilýär we munuň bilen amerikan talyplaryny hem gaty geň galdyrdy.
Gyzyň bu diýýän esasy bilimlerini ol aýdyşy ýaly №16 orta mekdebinde aldy. Soňra bilimini Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň «Menejment we ykdysadyýet» fakultetinde dowam etdi. Okuwy tamamlandan soň ol «Halkara ykdysadyýet» hünärini alar. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyp taýýarlyklary barada aýtsak, onuň derejesine Güljeren bilen şol okuw jaýyndan ýene bir gyz – Melike Hasanowa amerikan maksatnamanyň ýeňijisi bolmagy şaýatlyk edýär. Garaz, bäsleşigiň dört ýeňijisinden ikisi ynsanperwer uniwersitetinden.
Şeýlelikde, ikinji synpy tamamlap we SUSI «ýol hatyny» eline alyp Güljeren Mämmedowa Oberne talyp şäherçesine geldi. Amerikan dynç alyşy gezekli-gezegine ýa-da garyşyk görnüşde geçirilen bilim we medeni çärelere örän baý boldy. Ussatlyk deersleriň ýerine bäsleşikler geçdi, ýaryşlar bolsa açyk tanyşdyryşlara öwrüldi. Mysal üçin kompozitor Rejep Rejepowyň sazyna Güljereniň liriki ýerine ýetirmeginde «Armanym» türkmen aýdymy, tomaşaçylaryň «kalbyna oturdy». Gyzlarymyzyň milli köýneklerini bolsa, sungat eseri ýaly gözden geçirip, biçak owadandygyny bellediler.
Zehinli türkmen gyzlarynyň media-tanyşdyryşlary hem hiçkimi biperwaý goýmady. Ýokary okuw mekdebiniň Green River College platformasynda ähli gatnaşyjylar suratlar we wideo materiallar arkaly öz ýurdy barada gürrüň berýärdiler. Biziň gyzlarymyz ýumuşa döredijilikli çemeleşdiler we mowzugy milli däplere we lezzetli türkmen tagamlaryna bagyşladylar, Türkmenistanda Gurban baýramy, Nowruz we beýleki dabaralaryň nähili bellenýändigini we ol çärelere ýaşlaryň we talyplaryň nähili gatnaşýandyklaryny görkezdiler.
Umuman, amerikan meýdançasynda iki taraply «täzeleniş» boldy – hemmeler - Green River College mugallymlary we talyplary, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelen gyzlar täze we peýdaly bilimleri aldylar. Türkmenistanyň wekilleri bolsa, esasan hem SUSI okuw lageriniň «eýelerini» haýran galdyrdylar. «Siz örän köp ugurly we döredijilikli ekeniňiz. Birje hakykat, biziň köp talyplarymyz diňe öz ene dilinde gürleşýärkä, siziň birnäçe dili bilmegiňiz we ony erkin ulanmagyňyz öz ýurduňyzda berilýän hilli bilimiň netijelerini görkezýär. Siziň terbiýäňiz, açyk ýürekliligiňiz, mähribanlygyňyz bolsa, biziň synlamamyza görä, asyl milliligiňizde bar. Biz türkmenleriň muşdaklary bolduk», - diýip Güljeren Mämmedowa Orient bilen söhbetdeşliginde amerikaly gyzlaryň sözlerini ýetirdi.
Gulýa Geldiýewa