Türkiýäniň Egeý deňzindäki ajaýyp adalary sizi dynç almaga çagyrýar
26.08.2023 | 18:50 |Türk deňziniň iň owadan adalary bolan, Gökjeada, Bozjaada we Kunda daş jaýlarda, ajaýyp deňiz kenarlarynda we gezelençlerde ajaýyp türk ertirlikleri, günüň ajaýyp batmagy bilen adaty meýdançalarda agşamlyk naharlary syýahatçylara hödürleýär. Bu adalaryň haýsysy size makul we dynç alyşa gitmek üçin has amatly, hünärmenleriň birnäçe maslahatyny okanyňyzdan soň siz muňa karar berip bilersiňiz.
Bozjaada şäheriň üýşmeleňlerinden, şowhunlaryndan bizar bolanlar üçin hakyky jenneti ýatladýan ýer diýilýär. Şeýle hem, bu ada Çanakkale kenarynda ýerleşýän Egeý deňziniň goralýan merjenidir. Mifologiki ýazgylarda Tenedos ady bilen tanalýan Bozjaada, hrustal arassa suwlary, üzümçilikleri we çakyrlary bilen meşhurdyr. Geýikli gämi duralgasyndan parom bilen siz bu ýere baryp bilersiňiz.
Ada barlanyndan soň görüp boljak ilkinji gözel ýer, töweregindäki ajaýyp peýzažlar bilen haýran galdyrýan Bozjada galasydyr. Bozjaada muzeýine, Aýazma monastyryna, ýel degirmenlerine we Keramatly Merýemiň ybadathanasyna baryp görmek siz üçin gyzykly bolar. Adada tomusda Egeý deňziniň parlak tolkunlary bilen myhmanlar garşylanýar. Aýazma deňiz kenary we akwarium aýlagy bu ýerde, esasanam ýylyň şu döwründe owadan bolýan iň meşhur iki ýüzüş ýeridir.
Bozjaadanyň beýleki artykmaçlyklary dynç alyş we medeni açyk çärelerdir. Çaýyr kenarynda windsörf arkaly deňizden we şemaldan lezzet alyp bilersiňiz ýa-da adanyň günbatar çetinde ýerleşýän Polente maýaklaryna we ýel degirmenlerine baryp bilersiňiz. Dynç alyşy halaýan syýahatçylar, Bozjaadanyň meşhur çakyrlaryndan lezzet alýan mahaly günüň ajaýyp batmagyny hem synlap bilerler. Şeýle-de çakyr önümleri ödürilýän ýere baryp görmek bilen bu adada ösýän dört endemiki üzüm görnüşinden çakyr öndürmegiň adaty usullary bilen tanyşmak maslahat berilýär. Ýeri gelende bellesek, adada her ýyl sentýabryň ilkinji hepdelerinde üzümçilik festiwaly geçirilýär.
Gökjeada Egeý deňziniň demirgazygynda, Gallipoli ýarym adasynyň golaýynda ýerleşýär we hakyky obalar, ýyly şemallar, depelerde aýlanýan geçiler, arassa we tükeniksiz deňiz kenarlary bolan Türkiýäniň iň gözel sebitlerinden biri hasaplanýar. Bu aýratynlyklaryň kömegi bilen 2011-nji ýyldan bäri bu ada dünýäde ilkinji we ýeke-täk “Çittaslow” adasyna öwrüldi (italýança "Haýal şäher”).
Bu ýer Türkiýedäki ajaýyp aýlaglaryň we kenarlaryň asyl görnüşinde saklanyp galan az sanly adalaryň biridir we deňziň açyk reňkli suwlary bilen bu ýere gelýän müňlerçe ýüzüjileri we syýahatçylary özüne çekýär. Elbetde, bu geň zat däldir, sebäbi adada ýylda 300 gün windsörfing üçin amatly şertler bardyr. Aýdynjyk atly ýer özüniň 1200 metrlik altyn çägeli kenary bolan Gyzly-Liman, Laz aýlagy we Ýyldyz we Mawi (Gök) aýlaglary, adanyň beýleki degilmedik kenarlary bilen gyzykly bolup syýahatçylar üçin köpden bäri dynç alynýan ýerlerdir.
Gökjeadanyň ölçenen şäher ritmine, ajaýyp binagärligini we lezzetli aşhanasyny özboluşly birleşdirýän, adada merjen monjugy ýaly ýaýran, ajaýyp landşaftlary bilen jadylaýan köp asyrlyk agaçlar, depeler we hakyky daş jaýlar bilen Kaleköý, Zeýtinli, Tepeköý, Bademli we Dereköý ýaly obalary özboluşly birleşdirýändigini goşmak gerek.
Kunda adasyna Türk-Egeý deňziniň ertekisi hem diýilýär. Ada Egeýiň demirgazyk böleginde ýerleşip, ýylyň islendik wagtynda owadandyr. Adanyň hökman görmeli, esasy özüne çekiji ýeri, Taksiarhis buthanasydyr. Ol 1873-nji ýylda gurlandyr we 2011-nji ýylda gaýtadan dikeldilenden soň öňki gözelligini tapdy. Häzirki wagtda bu bina Aýwalik Rahmi M. Koça muzeýine öwrüldi.
Aşiklar depesi adanyň ajaýyp panoramasyny hödürleýär we akwariumda ýa-da Ýaşyl aýlagda gysylan köçelerde ýa-da howa we suw hammamlarynda gezelenç edeniňizden soň, Kundyň ýakymly tagamlaryny işdämenlik bilen dadyp bilersiňiz. Bu ada, diňe Egeý adalarynyň ýaşaýjylary tarapyndan ussatlyk bilen hoşboý ysly otlardan taýýarlanylýan tagamly artikoklar, ýakymly mezler, salatlar, papalin, samfir (Deniz börülcesi) bilen meşhurdyr.
ORIENT news