Iň täze habarlar

«Alter Deňiz»: Hazar kenarynyň ýerine şäher howuzynda dynç alyş

31.07.2023 | 04:10 |
 «Alter Deňiz»: Hazar kenarynyň ýerine şäher howuzynda dynç alyş

Türkmen yssy howasy diňe bir ýakymlylyga däl, eýsem suwuň kenarynda peýdaly dynç almaga hem mümükinçilik berýär. Gündelik dereje 40-a çenli ýokarlanýarka, paýtagtyň müňlerçe ýaşaýjysy bürünç reňkinde güne ýanmak, deňizde we beýleki suw howdanlarynda ýüzmek üçin ýerli dynç alyş şypahanalaryna gidýärler. Şeýle-de bolsa, dynç alyşyň şeýle «kenar» görnüşi üçin Aşgabadyň özünde howuzlar bar.

фото 1.JPEG

Bu ýerde howuzlar dürli görnüşde hödürlenýär: ýapyk we açyk howada, höwesjeň we sport, arassa we duzly, käbir ýerlerde hatda bedene peýdaly minerallara baý bejerişlerinem görmek bolýar. Elbetde, bularyň hemmesi gowy. Ýöne howuz hakykatdanam Awazanyň rahatlandyrýan salkynlygyny we onuň kenarlarynyň ýerini tutup bilermi?

Jogap diňe siziň ýaşaýyş durmuşyňyza bagly. Elbetde, içgysgynç peýzažlar we «ýol duýgusyna» teşnelik, dynç almaga gitmäge, Türkmenbaşa petek satyn almaga we Hazaryň ajaýyp çägeli serhetleriniň gyrasyndaky myhmanhanalaryň birine ýerleşmäge iterýär. Ýöne gündelik durmuşyňyz siziň – umytsyz zähmetsöýerleriň tomus syýahatyna gitmegine ýol bermeýän bolsa, onda size iň gereklisi – howuzlar.

фото 2.JPEG

ORIENT şäheriň tomusky howuzynda dynç almagyň stresden dynmaga we deňizde suwa düşmek teşneligini kanagatlandyrmaga nähili kömek etjekdigini barlady. «Synag» meýdançasy hökmünde paýtagtyň myhmanhanalarynyň birini saýladyk.

1. Howuza gitmek üçin size adam başyna otuz manat we ondan ýokary bolup biler

Içindäki syýahatçylar onda suwa düşenden, deňize seretmekden lezzet alýarlar: çagalary goja deňziň tolkunlaryndan has hem özüne çekiji dagjagazly howuzlar gyzyklandyrýar we elbetde ulylar hem çagalarynyň islegini makullaýarlar. Şonuň üçin şäher howuzyna gidýänler maliýe taýdan, ýagny ulag serişdesi, otelde ýaşamak we ş.m. çykdajylarda utuş gazanýarlar.

Sen myhmanhanada diňe howuz üçin baran bolsaň, hemme zat aňsat. Sen giriş üçin töleg edýärsiň we ähli dynç alyş çägi seniň elinde. Aslynda dynç alýanlaryň sanyna seretsek, paýtagtyň ýaşaýjylary boş wagtyň bu görnüşini öňden halaýarlar.

Bu ýerde infrastruktura derejesi bilen Awazadan hiç-hili kem galmaýan hem-de ähmiýetli derejede arzan bolan onuň kiçijik býujetli adajygy ýerleşipdir. Hut şu pursatda şypahanada köp günlük dynç alyşa taýýarlyk görmekdäki ähli duýgularyň, elbetde, gowy we hatda gyzyklydygyna, ýöne iň ýakymly bölümini şu ýerde we häzir çalt we arzan – has aňsat we has pähimli gurap boljakdygyna düşünýärsiň.

фото 3.JPEG

2. Ösen hyzmat: zat satyn alyp ullakan paketler we sumkalar bilen gelmek hökman däl

Şäher otellerinden birine geleniňde bu ýanyň bilen öň satyn alyp getiren iýmitli we içgili paketlerini goýup geçmek ýaly göwne degiji haýyş bilen gabatlaşýarsyň. Ýeri gelende aýtsak, biraz gijirägem bolsa biz özüň bilen polotensa hem getirmegiň hökman däldigini düşündük. Bu ýerde olaram her myhmana aýratyn berilýär.

Gynanman iýit ätiýaçlyklaryňy zaýalanmaz ýaly ýok edip, arassa we abadanlaşdyrylan – boş çüýşeler we ležaklardaky ýa-da stollardaky paketler üçin duşduryşam ýok ýere gelýärsiň. Bu ýerde eýýäm gadaganlygyň sebäbiniň umumy arassaçylyk üçin edilendigini düşünýärsiň.

Gelýänleriň ýene-de hökmany suratda gabat gelýän zady – bu hyzmatlaryň giň ulgamy: azyk meýdançasy, ofisantlar, doňdurmalar, saz ... Bularyň hemmesi birnäçe gezek müşderileriň dynç alyşyny reňklendirýär.

Ofisiantyň hödürlän menýusy bize «demokratiki» göründi: saýlamaga dürli görnüşler we bahalar elýäterlidi – şeýle bahalara köp sanly restoran işinde hem gabat gelýärsiň.

фото 4.JPEG

Bu ýerdäki howuzlar dürli ýaş kategoriýalary: çagalar, şeýle hem ulular göz öňünde tutulyp enjamlaşdyrylandyr. Ýüzmegiň doly erkinligini duýmagy we suwa bökmegi söýüjiler üçin çuňlugy iki metre ýetýän ýer bar.

3. Arassa «neýtral» suw dürli beden aýratynlyklary bolan adamlaryň rahatlanmagyna kömek eder

Bedenibe örgün örýän, dürli himiki serişdeleriň derisine ters täsie edýän adamlar hiç-hili alada etmesinler: bu ýerdäki suw arassa, hiç-hili arassalaýjy bilen baýlaşdyrylmadyk. Howuzyň öz ýagdaýy barada aýdylanda bolsa, ähli garaşylýanlara laýyk gelýändigi gözlere mälim. Dury we ýumşak suwy deride ýokumsyz lot galdyrmaýar we saçlaryňy gaty guratmaýar. Munuň özi arassaçylyk derejesiniň hiliniň ýokarylygyny subut edýär.

Bu ýerde diňe bir neýtral zyýan däl, eýsem mümkin bola peýdany hem bellemelidiris. Howuzda ýüzmek kaloriýaňy ýakmaga, stressi düşürmäge, ýürek-damar keselleri töwekgelçiliginiň öňüni almaga, gan basyşyny kadalaşdyrmaga, öýkeniň işini ösdürmäge, aşa gyzmagyň öňüni almaga kömek edýär, şeýle hem ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.

Mundan başga-da, ýüzmegiň esasy maksady – inklýuziwlik – suwda dykyzlygy we «agyrlyk» duýgusy sebäpli hemmämiz deňdiris we bu hemmelere degişlidir. Esasanam bu maýyplar üçin möhümdir.

фото 5.JPEG

4. Howuz başyndaky dynç alyş sizi täze adamlar bilen tanyşdyrar

Oýunlar, suwa bökmek, howada uçýan toplar we hatda suwda surata almak - bularyň hemmesi oňyn garaýyş atmosferasyny döredýär. Bu ýere gelýänler, tanyşmak üçin gelseňiz, hiç kimiň size geň galmajakdygyna düşünýärler. Sebäbi howuzyň başyndaky adamlar keýpsiz bolmaýar. Endorfin adamlara özlerini azat duýmaga, täze işewür tanyşlyklary etmäge we umumy garaýyş tapmaga mümkinçilik berýär. Gatnaşyklardaky gizlin kemçilikler topar oýunlarynyň öwezini dolmaga kömek edýär, ýakynlaşmagyna hem goşant goşýar.

5. Şäheriň her nokadynda islendik görnüşde howuzlaryň giň ulgamy

Häzir «golaýdaky howuza gitmek» jümlesi, giňişligiň gowy duýgysyna eýe bolsaň, gaty adalatly bolsa gerek, sebäbi ýüzüp boljak ýerler hakykatdanam köp.

Laýygyny saýlamak üçin sosial ulgamlarda baha we syn gözlemek hökman däl. Islendik howuza barmak ýakymly dynç alyşa öwrüler: şäherdäki myhmanhanalaryň aglaba bölegi häzirki zaman infrastrukturasy bolan amatly täze binalar, bu sport toplumlaryna-da degişlidir.

Şeýle hem gitmegiň özi we degişli hyzmatlary hem meňzeş bolup, tapawutlary gaty ujypsyz. Şonuň üçin islendigine arkaýyn gidip bilersiňiz.

фото 6.JPEG

Käbirleri üçin howuzda dynç almak günüň dowamynda ýatdan çykmajak duýgulary galdyrýar, beýlekiler üçin bir hepdelik işden soň dynç alyş mekanyna öwrülýär, üçünjiler üçin bolsa aladasyz öz-özüň bilen galmaga amatly ýer bolar.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: