Iň täze habarlar

Aşgabady we Balkan welaýatyndaky şäherçäni täze awtobus ugry baglanyşdyrýar

01.04.2023 | 12:52 |
 Aşgabady we Balkan welaýatyndaky şäherçäni täze awtobus ugry baglanyşdyrýar

1-nji aprelden Türkmenistanda täze awtobus ugry – «Aşgabadyň halkara awtowokzaly – Hazar» hereket edip başlaýar – diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň saýtynda habar berilýär.

Awtobuslar her gün Aşgabadyň Halkara awtowokzalyndan 08:00-da ýola düşerler. Şol awtobus Balkan welaýatynyň Hazar şäherçesinden paýtagta 10:00-da ugrar, şeýlelik bilen türkmenistanlylaryň kadaly şäherara syýahatlara bolan islegleri doly kanagatlandyrylar.

Awtobus biletiniň bahasy uly ýolagçy üçin bir tarapyna — 60 manat, çagalar üçin — 30 manat. Ýoluň dowamlylygy 10 sagada deňdir.

Biletleri АООТ Awtomobil Ulag Hyzmatysaýtynda onlaýn görnüşde satyn alyp bolýar .

ORIENT habarlar

Foto: awtoulag.gov.tm

Şeýle hem okaň: