Iň täze habarlar

Aşgabatdaky Beýik Britaniýa ilçihanasy boş iş orny barada habar berdi

21.01.2025 | 10:42
Aşgabatdaky Beýik Britaniýa ilçihanasy boş iş orny barada habar berdi

Türkmenistandaky Beýik Britaniýa ilçihanasy goragçy wezipesine bäsleşik yglan etdi.

Esasy borç wezipeleri Aşgabatdaky ilçihananyň diplomatik işgärleriniň, gelýän myhmanlarynyň we binalarynyň goragyny ýerine ýetirmekden ybarat.

Arzany şu ýylyň 28-nji ýanwaryna çenli salgy boýunça Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň iş bilen üpjünçilik resmi portaly arkaly tabşyryp bolýar.