Iň täze habarlar

23 — 25-nji oktýabrynda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2024» atly 29-njy Halkara maslahaty we sergisi geçiriler

21.10.2024 | 16:05
23 — 25-nji oktýabrynda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2024» atly 29-njy Halkara maslahaty we sergisi geçiriler
Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy

2024-nji ýylyň 23 — 25-nji oktýabrynda paýtagtymyzda «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2024» atly 29-njy Halkara maslahaty we sergisi geçiriler.

Bu ähiýetli çäraniň guramaçylary hökmünde “Türkmengaz” we “Türkmennebit” Döwlet konsernleri, şeýle hem Söwda-senagat edarasy we “Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasy çykyş edýär.

Serginiň iş wagty

23-nji oktýabrda sagat 10:00-dan 17:00-a çenli; 24-nji oktýabrda sagat 10:00-dan 17:00-a çenli. 25-nji oktýabrda sagat 10:00-dan 15:00-a çenli.

Sergi Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.

Goşmaça magluatlar üçin: (+993 12) 41 36 22; (+993 62) 19 82 74.

ORIENT news