Iň täze habarlar

Aşgabatdaky syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi ähli welaýatlardan dalaşgärleri çagyrýar!

09.08.2024 | 10:25
Aşgabatdaky syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi ähli welaýatlardan dalaşgärleri çagyrýar!

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi ähli welaýatlardan 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

  1. Myhmanhana hyzmatlary.
  2. Syýahatçylyk hyzmatlary.
  3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
  4. Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy.
  5. Daşky gurşawy goramak we tebigy miras.
  6. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.

Resminamalar Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 19-njy awgustyna çenli kabul edilýär.

Welaýatlardan okuwa giren talyplar umumyýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilýär.

Salgy: Aşgabat ş., Berkararlyk etraby, 2105/5 (Mämmet Gurbanow) köçesi 33

Habarlaşmak üçin telefonlar: 76-74-14, 76-75-05, 76-75-15

Web sahypa: syyahatohom.edu.tm

ORIENT news